Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan-Uýgur awtonom sebitinde ýerleşýän möhüm demir ýol düwüni bolan Alaşankou (Alatau geçelgesi hökmünde hem tanalýar) şenbe güni 2026-njy ýylda Hytaý–Ýewropa (Merkezi Aziýa) ugrunda gatnaýan 1000-nji ýük otlusyny kabul etdi.
Geçen ýyl bilen deňeşdirilende bu görkeziji 11 gün öň gazanyldy we bu ýagdaý ýurduň daşary söwdasynyň güýçli depginde ösýändigini görkezýär.
Awto ätiýaçlyk şaýlaryny, elektron harytlary we beýleki ýükleri daşaýan otly Polşanyň Malaşewiçi logistiki merkezine ugrady.
Urumçidäki Hytaý demir ýol dolandyryş müdirligi işiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin utgaşdyrmany gowulandyrandygyny hem-de otly hereketiniň hakyky wagt tertibinde gözegçiligini ornaşdyrandygyny habar berdi.
Alaşankou portunyň tehniki bölüminiň ýolbaşçysy Çžan Ýubiniň bellemegine görä, Bahar baýramynyň öňüsyrasynda portda ýük dolanyşygy düýpli ýokarlanyp, munuň bilen baglylykda bolsa ulag meýilnamalar we otlularyň tertibini optimizirlendi. Ortaça her gün portdan 22 sany Hytaý–Ýewropa ýük otlusy geçýär, şol bir wagtyň özünde aýramçylyk döwründe howpsuz we netijeli gümrük resmileşdirilişine aýratyn üns berilýär.
Häzirki wagtda bu port arkaly Hytaýy Germaniýa we Polşa ýaly 21 ýurt bilen baglanyşdyrýan 128 ýük ugry hereket edýär. Bu ýerden 200 dürli görnüşli haryt geçirilýär.
Gazagystan bilen serhetde ýerleşýän Alaşankou Hytaýy Merkezi Aziýa we Ýewropa bilen baglanyşdyrýan möhüm ulag geçelgesi bolup hyzmat edýär. 2011-nji ýylda ilkinji Hytaý–Ýewropa ýük otlysynyň işe girizilmegi bilen demirgazyk-günbatar serhetýaka sebiti ýurduň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde strategiki ähmiýete eýe boldy.