Iň täze habarlar

Beýik Ýeñşiñ 80 ýyllygy mynasybetli Röwşen Nepesowyñ orkestriniñ ýerine ýetirmeginde "Ýeñiş konserti" ýañlanar

05.05.2025 | 11:00
Beýik Ýeñşiñ 80 ýyllygy mynasybetli Röwşen Nepesowyñ orkestriniñ ýerine ýetirmeginde "Ýeñiş konserti" ýañlanar

10-njy maýda, Beýik Ýeñşiñ 80 ýyllygynyñ öñ ýanynda Aşgabadyñ "Watan" kino konsert merkezinde dabaraly "Ýeñiş konserti" geçiriler. Bu aýdym-saz çäresi Türkmenistanda şanly senä bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk çäreleriñ bir bölegi bolar.

Dirižýor Eziz Jumanyýazowyñ ýolbaşçylygyndaky Röwşen Nepesowyñ orkestri tomaşaçylar üçin ajaýyp konserti taýynlady. Şol agşam uruş ýyllaryñ meşhur nusgawy hem-de watansöýüjilik ruhundaky häzirki zaman eserleri ýañlanar.

Konsert we biletler barada goşmaça maglumatlary (+99361)23-52-34 telefon belgisi boýunça ýüz tutup alyp bilersiñiz. Konsertiñ başlanýan wagty sagat 18:00.

ORIENT news