Iň täze habarlar

Bahram Dolyýew konsert berer

27.06.2025 | 16:10
Bahram Dolyýew konsert berer
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry 5 iýul

5-nji iýulda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda skripka çalmagyň ussady, «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň eýesi Bahram Dolyýewiň ýekelikdäki konserti geçiriler.

Konsertde Eziz Jumanyýazowyň ýolbaşçylygyndaky «Kamerata Aşgabat» orkestriniň sazandarlyk etmeginde Wiwaldi, Çaýkowkiý, Debýusi, Sarasate, Rimskiý-Korsakow, Nury Halmämmedow we Röwşen Nepesow ýaly görnükli kompozitorlaryň eserleri ýaňlanar.

Konsert sagat 19:00-da başlanar.

Biletleri almak bilen baglanyşykly soraglar boýunça (+99361)23-52-34 telefon belgä jaň edip bilersiňiz.