Aşgabat ak gara bürendi – haçan ýyly howa garaşmaly?
11.01.2023 | 08:12 |Ak şäher Aşgabat öňküsinden has-da ak boldy – indi hemişe gök öwüsýän gül-gülzarlyklara gar düşüp, hemme ýerler ap-ak dona bürendi. Bu ýagdaýlar türkmen paýtagty üçin adaty bolmasa-da, häzirki gyş möwsüminde bolaýmaly görnüşlerdigi üçin onçakly geň zat däl, ýöne, ol soňky döwürde ilkinji gezek bolup geçdi.
Howa maglumayny çaklaýjylaryň öňünden aýdyşlary ýaly, ýanwar üçin geň bolmadyk aýazlar geldi. Türkmen howa maglumaty gullugy 11-nji we 12-nji ýanwarda howanyň temperaturasynyň ýene-de aşak düşmegini, penşenbe güni irden -14°C-a çenli sowajakdygyny çaklaýar. Soňra bolsa ýurduň howa maglumaty gullugynyň saýty bu baradaky maglumaty seresaplylyga salyp görkezenok.
Ýöne, internet ulgamyndaky howa maglumatyna degişli köpsanly beýleki saýtlar dürli-dürli görnüşde öz tekliplerini hödürleýärler. Olaryň ýanwar aýyndaky çaklama sanawlarynda uly bolmadyk tapawutlar bar, ýöne, esasan, munuň özi şu hepdäniň ahyryna çenli sowuk derejesindäki ýagdaýlar bolup durýar, indiki hepdeden bolsa gündizlerine – ýyly howa.
Olaryň çaklamalaryna görä, köp ýerleriň ýylamagyna geljek hepdeden garaşyp bolar, şonda gijeki temperaturalar nol gradusdan ýokary galyp başlar. Mysal üçin, “Ýandeks Pogoda”-nyň howa temperaturasynyň üýtgeýşi baradaky şekil çyzgysy şeýle:
ORIENT news
Photo and video: Suleyman CHARYEV