Iň täze habarlar

Li-Fi tehnologiýasy – sim geçirijisiz ulgamlaryň geljegi

15.08.2023 | 10:48 |
 Li-Fi tehnologiýasy – sim geçirijisiz ulgamlaryň geljegi

Wi-Fi tehnologiýasy biziň durmuşymyza berk ornaşyp ,onuň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Ýöne eýýäm Wi-Fi-iň täze bir bäsdeşi döreýär. Bu täze Li-Fi tehnologiýasy. Garaşylmagyna görä ,bu tehnologiýa maglumatlary has ýokary tizlik bilen ibermegi üpjün eder hem-de sim geçirijisiz ulgamlarynyň geljegi üçin täze mümkinçilikleri açar.

Wi-Fi tehnologiýasynda aragatnaşyk radio tolkunlar arkaly amala aşyrylýar. Li-Fi bolsa, açyk giňişlikdäki ýagtylygy aragatnaşyk ulgamy hökmünde ulanýar. Ýagtylyk diodlaryň örän ýokary tizlikde «açylyp öçürilmegi» netijesinde bu signallar ýörite kabul ediş enjamlary tarapyndan kabul edilýär hem-de özgerdilýär.

Li-Fi tehnologiýasy ýagtylyk diod lampalary arkaly ýokary geçirijilik ukyby bolan ulgamy döredýär. Ýagtylygyň çeşmeden kabul edijä iberilmegi ýörite düzümleriň üsti bilen üpjün edilýär.

Li-Fi-da maglumatlary ibermegiň tizligi sekuntda 224 Gbit ýetip bilýär. Munuň özi Wi-Fi-iň iň ýokary tizliginden hem ep-esli ýokarydyr. Muňa düşünmek üçin şeýle bir mysal getireliň: bir sekundyň dowamynda her biriniň göwrümi 1,5 Gb bolan kinofilmleriň 18-sini ýükläp bolýar!

Şeýle hem bu täze tehnologiýany radio tolkunlarynyň ulanylmagy göwne jaý hasapalanylmaýan ýerlerde, meselem: hassahanalarda, uçarda ulanmak bolýar.

Eýýäm biziň günlerimizde Li-Fi tehnologiýasy synag taslamasy hökmünde birnäçe ulgamlarda ,şol sanda awisasiýada jemgyýetçilik interneti üçin ulanyldy.

Häzirki günde Li-Fi-iň artykmaçlyklary bilen bir hatarda, birnäçe kemçilikleri hem bar. Olaryň üstünde işlenilýär we bilermenleriň aýtmagyna görä, bu täze tehnologiýa ýakyn ýyllarda ýokary tehnologiýalar ulgamynda täze açyş hökmünde özüni görkezer.

ORIENT news

Foto: rb.ru

Şeýle hem okaň: