«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýaş gämi gurluşykçylary toparlaýyn esasda 23 sany gämi reňkleýjileri jemgyýetiniň binýadynda «Abraziw önümlerde arassalaýjy-gämi reňkleýji» ugurlary boýunça gysga möhletli okuwlary geçýärler. Bu barada “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi habar berýär.
Tälimçilik okuwlary Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebinde geçirilýär.
Geçirilýän okuw sapagynda gämileriň gabarasyny we uly göwrümli polat listleri abraziw usulynda posdan arassalamak, gruntowka işleri we boýag işleri ýerine ýetirilmeginiň usullary içgin öwredilýär, bu bolsa ýaş gämi gurluşykçylaryna önümçilige bolan höweslerini artdyrýar hem-de gämi gurluşyk pudagynyň ösmegine itergi berýär.
ORIENT news
