Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow Cocoon (Confidential Compute Open Network) taslamasynyň resmi taýdan işe girizilendigini yglan etdi. Bu, emeli aň (AI) bilen baglanyşykly işleriň howpsuz ýerine ýetirilmegi üçin niýetlenen, gizlin, açyk we merkezileşdirilmedik hasaplama torudyr.
Cocoon, ýokary bahaly we gizlinligi çäkli AI hyzmatlary meselesini çözýän innowasion modeli hödürleýär. Neýron torlarynyň hasaplamalary, GPU-lary bilen üpjün edilen we tor gatnaşmagyna razy bolan ulanyjylaryň enjamlarynda amala aşyrylýar.
Işläp taýýarlaýjylar merkezi üpjün edijiler bilen deňeşdirilende has arzan bahadan serişdeleri alyp bilýärler we 100% gizlinlik kepillendirilýär.
Enjam eýeleri öz hasaplama güýjüni bermek arkaly hakykat wagt tertibinde TON kriptowalýutasyny gazanyp bilerler.
Durow Telegram-yň Cocoon-y ulanyp, habarlary awtomatiki terjime edýändigini tassyklady. Geljekde tor giňeldilip, ulanyjylar üçin doly gizlin AI aýratynlyklary bilen birnäçe täze funksiýalary işe girizmek meýilleşdirilýär. Taslamanyň çeşme kody GitHub-da elýeterlidir.
ORIENT
