Sony Group kompaniýasy emeli aň tarapyndan döredilen aýdym-sazy seljermek üçin ulgamy işläp taýýarlady. Täze gural emeli aňyň öwredilmegi üçin haýsy aýdymlaryň ulanylandygyny we eseriň näçe böleginiň özleşdirilendigini kesgitleýär. Bu çözgüt stilleriň, aranžirowkalaryň we hatda meşhur ýerine ýetirijileriň sesleriniň göçürilmegine garşy göreşmäge gönükdirilendir. Sony-niň döreden programmasy seljermäniň netijesini takyk göterimlerde berýär.
Mysal üçin, ulgam aýdymyň esasynyň 30%-niň The Beatles döredijiligine meňzeşdigini, ýene-de 10%-niň bolsa Queen toparynyň meşhur aýdymlaryna esaslanýandygyny ýüze çykaryp biler. Eger-de awtorlar maglumatlary meýletin bermeseler, Sony-niň emeli aňy garaşsyz barlag geçirýär.
Iri aýdym-saz neşirýaty hökmünde Sony öz hukuklaryny goramaga çalyşýar. Eger-de barlag plagiaty subut etse, emeli aň mazmunynyň awtorlary ygtyýarnama töleglerini tölemeli bolar.
Şol bir wagtyň özünde, Sony neýro torlarynyň kompaniýanyň grafiki şekillerini we markalaryny göçürmegini gadagan edýän goragy hem ornaşdyrdy. Bazar üçin bu has adalatly we açyk oýun düzgünlerine geçmek manysyny berýär.
Ulgamyň giň elýeterlilige girizilmeginiň senesi häzirlikçe ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle-de bolsa, emeli aň aýdym-sazyna gözegçilik etmegiň tehnologik binýady eýýäm tayýar we ýakyn wagtda mazmun döretmäge bolan çemeleşmäni üýtgeder.
