Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kirişli saz gurallary kafedrasynda, Maral Agaýewanyň ýolbaşçylygynda saz janly sungata öwrülip, sesleri duýga, sazlary bolsa keşplere öwürýär. Bu ýerde her bir talyp edil ýaňy ýoluny başlan suratkeş ýaly diňe notalary ýerine ýetirmegi däl, eýsem olarda kompozitoryň pikiriniň ähli çuňlugyny we gözelligini açmagy öwrenýär.
Maral Agaýewa öz işine çäksiz wepaly bolup, ýaş sazandalary zähmetsöýerlige ruhlandyrýar, olara saz eserini bitewi surat hökmünde görmegi öwredýär, her bir aýratynlygyň, her bir notanyň sesli tuwalyň aýdyň reňkli çyzgysy ýaly bolmagyna çalyşýar. Onuň zähmetsöýerligi we kämillige ymtylyşy talyplaryna-da geçýär, onuň ýolbaşçylygynda olar saz sungatynda täze mümkinçilikleri we gözýetimleri açýarlar.
Kirişli saz gurallary kafedrasynda kompozitor Kerimguly Garowowyň skripka we fortepiano üçin döredilen «Dag jülgesinde» atly eseriniň sazly tanyşdyrylyşy geçirildi. Ony M.Agaýewanyň talyplary Şayslam Komiljanow bilen Seýran Atanyýazow ýerine ýetirdiler.
«Bu pýesa edil suratkeşiň döredijiligi ýaly, her bir çyzgy daglaryň dem alşyny ýetirýär», — diýip, Maral Agaýewa belleýär. Talyplar onuň ruhuny şeýle ussatlyk bilen ýetirdiler welin, diňleýji özüni dag manzaralarynyň, şaglawuklaryň şyrlap akyşynyň, agaçlaryň salkyn kölegesiniň arasynda ýaly duýýar.
Hakykatdan-da, «Dag jülgesinde» pýesasy sazly surat bolup, onda tebigat diňe daş-töwerek däl, eýsem dem alýan we duýýan janly jandar ýaly açylýar. Eserdäki sesler diňe beýik manzaralary däl, eýsem çuňňur duýgy baglanyşygyny hem şekillendirýär — edil tebigatyň özi gözelligi bilen has näzik söýgüli keşbini wasp edýän ýaly. «Dag jülgesinde» kompozitoryň iň şahyrana eserleriniň biridir.
Eser fortepianonyň ýumşak giriş bölegi bilen başlanýar, bu tebigatyň gadymy hem paýhasly sesi ýaly eşidilýär. Bu ses diňe daglaryň asudalygyny däl, eýsem ähli gözellikleriň iň ajaýyby bolan söýgüli baradaky näzik ýatlamalary hem özünde saklaýar. Skripka biraz soň goşulýar, onuň owazy dumanyň içinden syzylyp çykýan gün şöhlesi ýaly mähirli. Bu sazly duet irki säher asudalygynyň keşbini döredýär — tebigat oýanýar, onuň bilen bilelikde duýgular hem janlanýar.
Pýesanyň orta bölegi has janly bolup, tebigatda bolşy ýaly sazda hem garşylyklaryň bardygyny ýatladýar. Skripka bilen fortepiano dartgynly gürrüňe girýärler — sesler kä bir wagtda biri-birine jogap berýär, käte bolsa bitewi hereketde birleşýärler.
Saz setirleriniň girdabynda teşnelik, hyjuw, ymtylyş eşidilýär. Söýgüli bu girdabyň ýüregine öwrülýär, onuň keşbi diňe ylham bermän, eýsem sazy içki güýç bilen dolduryp, diňleýjini duýgular ummanyna alyp gidýär.
Eseriň soňky bölegi diňleýjini ýene-de asudalyga getirýär. Bu ýerde dag depelerine ýuwaşlyk bilen akýan gün batyşynyň soňky şöhleleri ýaly saz eşidilýär. Bu pursatda ähli zat sazlaşyk tapýar: tebigat, söýgi we ýatlamalar bitewi birlige öwrülýär.
Skripkanyň owazy barha peselip, ýuwaşaýar. Fortepiano bolsa eseriň soňuny suratkeşiň tuwalyna goýlan soňky nokat ýaly dymyk akkordlar bilen tamamlaýar we gutatnykly gözelligiň duýgusyny döredýär.
Kerimguly Garowow — meşhur kompozitor, kompozisiýa kafedrasynyň uly mugallymy bolup, ol saz eserleri bilen tanalýar. Onuň döredijiligine ruh güýjüni şöhlelendirýän simfoniýalar, çuňňur duýgyly kamera eserleri, şeýle hem ýüregi lerzana getirýän nepis fortepiano pýesalary we aýdymlar girýär. Çagalar üçin ýazylan eserleri bolsa aýratyn orun eýeläp, olaryň içinde päk ýürekden çykýan ýylylyk we mähirlilik bar.
Igor Jorakulow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy
