Ekodünýä

SECCA Türkmenistana elektrik desgalarynyň ulanylyşynda howpsuzlyk çäreleri boýunça birinji tehniki resminamany gowşurdy
09.04.2025
|14:35
|218
2025-nji ýylyň 31-nji marty – 4-nji apreli aralygynda Ýewropanyň SECCA maksatnamasynyň bilermenleriniň we halkara geňeşçileriniň Türkmenistana sapary Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda durnukly energetika we howany üýtgemegine garşy göreş syýasaty babatdaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boldy.

TDU-da ekologiýa bilimi boýunça geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady
07.04.2025
|18:30
|692
Şu gün 7-nji aprelde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly geçirilýän “Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi boldy

TDEI-de ÝB-niň "SECCA" taslamasynyň çäklerinde halkara maslahat geçirildi
06.04.2025
|16:15
|341
4-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Ýewropa Bileleşiginiň «Merkezi Aziýada durnukly energetika arabaglanyşygy» (SECCA) atly taslamasynyň çäklerinde «Bitaraplyk derejesi - durnukly energiýanyň ösüşiniň kepili. Energiýa we howa şertleriniň utgaşykly seljermesi üçin ulgamlaýyn pikirlenme. Türkmenistanda durnukly energiýanyň ösdürilmegini aýratynlyklaryny öwrenmek» atly halkara maslahaty geçirildi

Samarkantda Merkezi Aziýanyň we Türki ýurtlarynyň ekologiýa ministrleri bilen ýaşlaryň dialogy geçirildi
06.04.2025
|14:00
|487
Samarkantda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Wengriýanyň ýaşlar wekilleri bilen ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ministrleriniň arasynda ýokary derejeli gepleşik geçirildi.

Türkmenistan MA-ÝB howa meseleleri forumynda: suwa we metana ünsi çekdi
05.04.2025
|04:15
|367
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik” atly halkara forumda çykyş edip, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” formatynyň çäginde howanyň gün tertibiniň däp bolan möhüm ornuna ünsi çekdi

Ýewropa Bileleşiginiň SECCA taslamasy Türkmenistana energiýa netijeliligini ýokarlandyrmakda goldaw berýär
03.04.2025
|11:05
|279
2025-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Türkmenistanyň howa şertlerini hasaba almak bilen, ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryna energiýa netijeliligi boýunça innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň aýratynlyklarynyň öwrenilmegi” atly okuw seminary geçirildi. Okuw seminary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Ýewropa Bileleşiginiň “Merkezi Aziýada durnukly energetika aragatnaşyklary” (SECCA) taslamasy hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň “Türkmenistanyň durnukly şäherleri: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi” atly taslamasy tarapyndan guraldy.

Hytaý belent daglyk sebitlerinde arassa ýyladyş ulgamyny giňeldýär
03.04.2025
|02:35
|300
Sinhua habarlar agentligi 1-nji aprelde çap eden makalasynda arassa energiýa taslamalary barada gürrüň berdi. Bu taslamalar Sizan awtonom etrabynyň ýaşaýjylary üçin gyşky ýyladyş ulgamyny özgertýär

Türkmen mugallymlarynyň Rumyniýa sapary - esasy tema: ekologiýa we durnukly ösüş
01.04.2025
|19:40
|1529
22-28-nji mart aralygynda Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan ybarat topar Rumyniýanyň Sibiu şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Ekologiýa abadançylygy boýunça halkara onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi
31.03.2025
|15:05
|1101
Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda “Parahatçylyk we Ynanyşmaklyk Dünýäde Ekologik Abadançylygy Gorap Saklamagyň Ygtybarly Binýadydyr” atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmen wekiliýeti Daşkentde geçirilen “Blue Peace Central Asia” okuw maslahatyna gatnaşdy
29.03.2025
|10:40
|978
28-nji martda Özbegistanyň Daşkent şäherinde Şweýsariýanyň Ilçihanasy tarapyndan Halkara Suw Dolandyryş Instituty (IWMI), Tebigaty Goramak Halkara Birleşigi (IUCN) we Merkezi Aziýanyň Sebit Ekologiýa Merkezi (CAREC) bilen bilelikde guramagynda “Blue Peace Central Asia” (BPCA) okuw maslahaty geçirildi