Medeniýet

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Atalar güni bellendi
13.01.2025
|23:00
|535
Aşgabatdaky Eýran Yslam Respublikasynyň Ilçihanasynyň ýanyndaky Eýranyň Medeniýet merkezinde Atalar gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Baýramçylyk Eýranda däp boýunça Atalar güni diýip bellenilýän Hezreti Alynyň doglan güni mynasybetli guraldy. Çärä diplomatik wekilhanasynyň wekilleri, pars dilini öwrenýän talyplar, şeýle hem çagyrylan myhmanlar gatnaşdy.

Hytaýdaky festiwalda "Küşdepdi" tansy görkezildi
13.01.2025
|17:20
|469
Hytaýyñ Çunsin uniwersitetinde (CQU) talyp zehinleriñ halkara festiwaly geçirilip, onda türkmen talyplary "Küşdepdi" milli tansy bilen çykyş etdiler.

Türkmenistanda milli ertekiler daşary ýurt dillerine terjime edildi
12.01.2025
|11:30
|838
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň hünärmenleri türkmen halk ertekilerini daşary ýurt dillerine terjime etmegiň üstünde işleýärler. Bu barada Türkmenistanyň HHM-i habar berýär

Türkmenistandan zehinli pianinoçy “Gyş ertekisi” atly halkara bäsleşiginde hormatly adyň eýesi boldy
11.01.2025
|16:55
|799
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdebiniň 3-nji synyp okuwçysy, ýaş türkmen pianinoçysy Akmelek Nuryýewa, “Gyş ertekisi” atly X halkara çagalar bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdi. Bäsleşik, Russiýanyň Moskwa şäherinden “Zehinleriň mozaikasy” atly çagalaryň Döredijilikli ösüş merkezi tarapyndan gurnaldy. Bu barada Türkmenistanyň HHM habar berdi

Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň düzümi tassyklandy
11.01.2025
|05:45
|467
Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Permany bilen Magtymguly adyndaky halkara baýraklar baradaky komitetiň düzümini tassyklandy. Perman şu ýylyň 1-nji martyndan güýje girer

Türkmenistanda bilelikdäki amerikan-türkmen konsertleri geçiriler
10.01.2025
|16:10
|747
Türkmenistandaky ABŞ-nyñ ilçihanasy 16-24-nji ýanwar aralygynda geçiriljek "Broadway and Beyond" konsertler barada habar berdi. Amerikan artistleri Keýt Bass, Aaron Ýang we Riçard Staýgner Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Balkanabatda we Daşoguzda çykyş ederler.

Aşgabatda hindi kinosynyň aýdym-saz agşamsy geçirildi
09.01.2025
|23:00
|607
Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 18-nji Pravasi Bharatiya Diwas hem-de meşhur Raj Kapuryň 100 ýyllygy mynasybetli hindi kinosynyň aýdym-saz agşamsy geçirildi. Çäre Aşgabatdaky Hindistanyň ilçihanasy hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guraldy.

Aşgabatda ýurduň dürli künjeklerinden ýaş zehinlere Gulbaba baýragy gowşuryldy
05.01.2025
|01:05
|958
Türkmenistanda her ýyl ýurduň dürli künjeklerinden ýaş zehinleri birleşdirýän ajaýyp çäre geçirilýär. Bu çagalygynda aýdym-sazy başarnygy bilen hemmeleri haýran galdyrdy zehinli sazanda Gulbaba Akýewiň adyny göterýän baýrak gowşurylyş dabarasydyr

Aşgabatda Bolliwudyň owazlary ýaňlanar
02.01.2025
|19:00
|761
9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hindi kinosynyň aýdym-saz agşamsy geçiriler.

Türkmenistanda Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär
02.01.2025
|12:35
|505
Türkmenistanda halk aýdymlarynyň ýerine ýetiriş däpleri gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar we bagşyçylyk sungaty milli baýlyk hökmünde ykrar edildi we ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu sungatyň görnükli wekillerinden biri – döredijilik ýoly ýurtda professional aýdym-saz sungatynyň emele gelen döwrüne gabat gelen sazanda we kompozitor Sahy Jepbarowdyr