Medeniýet

AFCENT sapary ABŞ-Türkmen medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
03.07.2024
|23:33
|902
Saparyň dowamynda AFCENT sazandalary Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapaklaryny geçirdiler, maýyplygy bolan çagalar üçin çykyş etdiler, olaryň "Berkarar" söwda-dynç alyş merkezindäki konserti bolsa müňden gowrak tomaşaçyny özüne çekdi

Narendra Modi Türkmenistanda Tagoryň ýadygärliginiň açylmagynyň ähmiýetini belläp geçdi
03.07.2024
|17:17
|1176
Türkmenistanda görnükli hindi şahyry we filosofy Rabindranat Tagoryň heýkeliniň açylmagy iki ýurt üçin hem medeni we halkara hyzmatdaşlygy alamatlandyrýan möhüm waka boldy.

Türkıyänıñ bagy-bossany bolan Ysparta şäherıne hasyl möwsümınde baryp görüñ
29.06.2024
|10:53
|1740
«Türkiýäniň - bagy-bossany» diýlip atlandyrylýan Ysparta şäheri soňky ýyllarda ekoturizm merkezine öwrüldi. Jahankeşdeler bu ýere ysy bark urýan uç-gyraksyz gül bakjalaryny we melewşe lawanda meýdanlaryny synlamak üçin gelýärler.

Kiýewde Magtymgulynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi
28.06.2024
|10:40
|1367
Türkmenistanyň milli senenamasynda orun alan Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet güni mynasybetli 2024-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy tarapyndan Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäheriniň merkezinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Medeniýet we sport ministriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
26.06.2024
|19:50
|735
2024-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýtmämmedow bilen Gruziýanyň Medeniýet we sport ministriniň birinji orunbasary I.Baghaturiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi

Arkadag şäherinde muzeý gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça maslahat geçirildi
26.06.2024
|09:47
|914
Arkadag şäherinde badalga alan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şäheriň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly maslahat şeýle hem ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalaryndaky taryhy tapyndylaryň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi.

Kompozitor Rejep Rejepowyň ýubleýinde: wagt bilen gürlemek we wagt bilen diňlemek zehini
23.06.2024
|19:20
|2057
2024-nji ýylyň 23-nji iýunynda, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň we Ýaşlar baýragynyň eýesi, SSSR-iň Kinematograflar Bileleşiginiň agzasy, SSSR Kompozitorlar Bileleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň Kompozitorlar Bileleşiginiň başlygy, üçünji nesil türkmen kompozisiýa mekdebiniň iň ajaýyp wekillerinden biri, zehinli mugallym, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa kafedrasynyň dosenti, görnükli türkmen kompozitory Rejep Jumaýewiç Rejepowyň doglan gününiň 80 ýyllygy bellenildi.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň dünýä ýüzünde bellenilişi - «Ukraine Business Review» gazetiniň sanynda
21.06.2024
|23:30
|1317
Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler Türkmenistanda we daşary ýurtlarda dowam etdirilýar. Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň gününiň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň baýramçylygynyň öňüsyrasynda bu mowzuga bagyşlanan makala Ukrainanyň maliýe-ykdysady hepdelik gazeti – «Ukraine Business Review» gazetiniň nobatdaky sanynda ýerleşdirildi

“Dutaryň owazy” festiwalynyň guramaçylyk komiteti görnükli türkmen aýdymçylarynyň hormatyna ýörite baýraklary döretdi
15.06.2024
|20:45
|850
Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” Moskwa halkara festiwalynyň guramaçylyk komiteti geçen döwrüň tanymal türkmen zenan aýdymçylarynyň hormatyna ýörite baýraklary döretdi diýip, festiwalyň art-direktory Mämmet Guseýnow habar berdi.

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi täze arheologik tapyndylar bilen üsti ýetiriler
15.06.2024
|04:15
|1421
Anna güni Hökümetiň mejlisinde wise-premýer Mährijemal Mämmedowa Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Döwkesen geňeşliginde ýaşaýjylar tarapyndan 18 sany altyn, 3 sany kümüş teňňeler, şeýle hem 61 sany altyn teňňäniň bölekleri we 8 sany dürli reňkli tapyndylary Arkadag şäheriniň taryh we ülkäni öwreniş muzeýine bermek baradaky teklibi beýan etdi.