Ykdysadyýet

Türkmenistandan geçýän ýol «Demirgazyk — Günorta» halkara ulag geçelgesiniň iň oňat halkasy hökmünde ykrar edildi
03.10.2025
|01:45
|219
Russiýanyň logistika we ulag pudagynyň hünärmenleri Türkmenistandan geçýän ulag geçelgesiniň ýokary bäsdeşlik ukybyny we ykdysady taýdan netijeliligini resmi taýdan tassykladylar.

Türkmenistan we AÖB täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygyň kanuny esaslaryny pugtalandyrylýar
02.10.2025
|19:15
|166
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýakyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibi hyzmatdaşlygy ösdürmäge we ony amaly taýdan durmuşa geçirmegiň täze tapgyryna geçmäge gönükdirildi

Turkish Airlines we Gulf Air gatnaw ugurlaryny giňeltmegi meýilleşdirýärler
02.10.2025
|17:45
|195
Türkiýäniň Turkish Airlines milli awiakompaniýasy hem-de Bahreýniň Gulf Air milli awiakompaniýasy strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

Brýusselde Global Gateway Forum 2025 geçiriler
02.10.2025
|16:40
|197
2025-nji ýylyň 9–10-njy oktýabrynda Brýusselde Global Gateway Forum 2025 geçiriler. Bu forum Ýewropa Bileleşiginiň durnukly maýa goýumlaryna, energetika, ulag pudagyna, sanly transformasiýa we global baglanyşyga bagyşlanan möhüm çäresidir.

Arkadag Med Cluster çagalar üçin niýetlenen türkmen azyk önümleriniň dünýä derejesindäki hilini tassyklaýar
02.10.2025
|11:30
|251
Arkadag Medisina Klasteri Menejment kompaniýasy tarapyndan öndürilen Arkadag Med Cluster çaga şülesi 2025-nji ýylyň 16–19-njy sentýabry aralygynda Moskwada geçirilen WorldFood Moscow halkara sergisinde altyn medal bilen sylaglandy.

Türkmenistan bilen Päkistan söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmek we bilelikdäki taslamalar barada maslahatlaşdylar
02.10.2025
|10:15
|210
Türkmenistanyň Päkistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Yslamabatdaky Türkmenistanyň Ilçihanasynda täze bellenilen Premýer-ministriň Ýaşlar maksatnamasynyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary, işewürlik we söwda gatnaşyklary boýunça utgaşdyryjysy Şaheriýar Memony kabul etdi.

Türkmenistan Pakistanda geçiriljek iki halkara sergä gatnaşmaga çagyryldy
02.10.2025
|10:00
|218
Türkmenistan 2025-nji ýylyň 23–25-nji oktýabry aralygynda Pakistanyň Karaçi şäherinde geçiriljek 22-nji «Pharma API Asia 2025» halkara sergisine we 22-nji «Health API Asia 2025» halkara sergisine gatnaşmaga çagyryldy diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berdi.

Türkmenistan Frankfurtda ykdysady mümkinçiliklerini hödürlär
01.10.2025
|23:15
|130
2025-nji ýylyň 30-31-nji oktýabry aralygynda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde uly göwrümli iş çäresini – Türkmenistanyň Ykdysadyýet günlerini geçiriler. Iki gün dowam etjek bu forum söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy strategiki taýdan çuňlaşdyrmagy we Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary we ählumumy maýadarlaryň arasynda täze hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär

Daşkentde “Aquatherm Tashkent 2025” Halkara sergisi geçiriler
01.10.2025
|11:15
|420
Şu ýylyň 7-9-njy oktýabry aralygynda «Uzexpocenter» Milli sergi merkezinde 13-nji «Aquatherm® Tashkent 2025» ýöriteleşdirilen halkara sergisi geçiriler.

TDHÇMB-nyň söwdalaşyklarynda 30 million ABŞ dollaryndan gowrak möçberde geleşik baglaşyldy
30.09.2025
|11:25
|175
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (GTSBT) söwdalaşyklarynda jemi 18 geleşik hasaba alyndy we olaryň jemi möçberi 30 million 413 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.