НовостиСтатьиАнонсО насКонтакты
О нас Контакты

Наш ориентир то, что сближает людей

Новости
Статьи
Анонс
О нас
Контакты

Copyright 2017-2026 ORIENT - ИНФОРМАЦИОННОЕ АГЕНТСТВО

О нас | Контакты |

Aşgabatda Eýranyň Gülistan welaýatynyň wekiliýeti bilen gepleşikler geçirildi

Сентябрь 29, 2023 | 00:23 |8070
Günbatar Türkmenistandaky Balkan welaýaty bilen Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Gülistan welaýatynyň arasyndaky serhetüsti hyzmatdaşlyk Aşgabatda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuuşykda söwda we ykdysady aragatnaşyklar, ulag aragatnaşygy we tranzit, şeýle hem, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada söhbet etdiler.Günbatar Türkmenistandaky Balkan welaýaty bilen Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Gülistan welaýatynyň arasyndaky serhetüsti hyzmatdaşlyk Aşgabatda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuuşykda söwda we ykdysady aragatnaşyklar, ulag aragatnaşygy we tranzit, şeýle hem, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada söhbet etdiler.
Источник: orient.tm

Günbatar Türkmenistandaky Balkan welaýaty bilen Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Gülistan welaýatynyň arasyndaky serhetüsti hyzmatdaşlyk Aşgabatda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuuşykda söwda we ykdysady aragatnaşyklar, ulag aragatnaşygy we tranzit, şeýle hem, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada söhbet etdiler.

Daşary işler ministrliginiň web sahypasynyň berýän habaryna görä, gubernator Ali Mohammet Zanganeniň ýolbaşçylygyndaky Eýranyň welaýatynyň wekiliýetini penşenbe güni Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew kabul etdi.

Berlen habarda "Taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda ikitaraplaýyn peýdaly hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler" diýilýär.

Gülistandan gelen myhmanlar Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine geldi diýip, daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habarynyň üstüni ýetirýär.

Gülistanyň gubernatory Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministri bilen hem gepleşik geçirdi. Eýran metbugatynyň habaryna görä, bu ýygnakda çölleşmäge garşy göreş we Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramak meseleleri, hususan-da, onuň çuňlugynyň öňüni almak üçin bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan ozal biz, şu ýylyň noýabr aýynda türkmen paýtagtynda Iran Project markasy bilen Eýranyň senagat önümleriniň sergisiniň geçiriljekdigini we oktýabr aýynda iki ýurduň arasyndaky bilelikdäki komissiýanyň mejlisiniň geçiriljekdigini habar beripdik.

ORIENT news

Больше новостей

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Швейный бизнес Туркменистана повышает конкурентоспособность по стандартам ЕС

Швейный бизнес Туркменистана повышает конкурентоспособность по стандартам ЕС

15:00 Ноябрь 02, 2026
Польские искусствоведы открывают заново туркменский авангард 1920-х годов

Польские искусствоведы открывают заново туркменский авангард 1920-х годов

13:27 Ноябрь 02, 2026
Конкур в Ашхабаде объединил юных и взрослых всадников

Конкур в Ашхабаде объединил юных и взрослых всадников

12:40 Ноябрь 02, 2026