Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýolynyň böleginde wagtlaýyn ulag hereketi çäklendiriler
05.08.2025 | 18:20Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galknyşy döwründe yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Aşgabatda köçeleri we şaýollary abadanlaşdyrmak boýunça işler dowam etdirilýär.
Aşgabat şäher häkimliginiň habar berşine laýyklykda, 2025-nji ýylyň 6-njy awgustyndan 18-nji sentýabryna çenli Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Atamyrat Nyýazow we Arçabil şaýollarynyň arasynda ýerleşýän bölegine ulag hereketi bölekleýin çäklendiriler.
Çäklendirmeler abatlaýyş işleriniň geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Aşgabadyň sürüjilerine we ýaşaýjylaryna görkezilen döwürde şäher boýunça syýahat meýilnamalaryny düzende wagtlaýyn çäklendirmeleri göz öňünde tutmaga maslahat berilýär.
ORIENT