Aşgabatda Diwali çyrajyklary - Hindistan Ilçihanasynyň baýramçylyk kabul edişligi
19.10.2025 | 23:50 |Aşgabat, 19-njy oktýabr | ORIENT. Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy ýekşenbe güni “Ýyldyz” myhmanhanasynda Hindistanyň “Ýagtylyk baýramy” – Diwali mynasybetli dabaraly kabul edişligi geçirdi. Reňkleriň baýlygy, aýdym-saz we çuňňur many bilen bezelen bu çäre iki dostlukly ýurduň arasyndaky berk medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Diwali (ýa-da Dipawali) Hindistanyň iň gadymy we iň möhüm baýramçylyklarynyň biridir. Ol her ýylyň güýz paslynda bellenilip geçilýär we ýagtylygyň garaňkylygyň üstünden, ýagşylygyň ýamanlygyň üstünden, dogrulygyň ýalanyň üstünden ýeňşini alamatlandyrýar. Şonuň üçin hem her ýerde şemler we yşykly çyrajyklar ýakylyp, dünýä ýagtylyk saçylýar.
Baýramçylyk agşamy çemen gülleri bilen bezelen adaty palçyk çyrasy – Diýanyň dabaraly ýagdaýda ýakylyşy bilen başlandy. Aşgabada geçen hepde gelen Türkmenistandaky täze bellenen Hindistanyň ilçisi jenap Bandaru Wilsonbabunyň bu ilkinji gezek şeýle köpçülikleýin çäresi bolup, ol çykyşynda Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna myhmansöýerligi üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Türkmen tarapynyň resmi wekili hökmünde çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Aziýa–Ýuwaş umman sebiti boýunça departamentiniň ýolbaşçysy Gurbandurdy Saparow gatnaşdy.
Jenap Bandaru Wilsonbabu ýokary derejeli gepleşikleriň soňky döwürde dowam edýändigini ýatlatdy. Ol bu gatnaşyklaryň ýokary depginde ösýändigini belläp, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň awgust aýynda Hytaýyň Týanszin şäherinde geçirilen ŞHG sammitiniň çäginde duşuşandyklaryny, şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň 2025-nji ýylyň iýunynda hind kärdeşi bilen duşuşandygyny ýatladyp geçdi.
Diplomat Hindistanyň “giňeldilen goňşuçylyk” konsepsiýasyna ýüzlenip, Türkmenistanyň sebitdäki möhüm ornuny, onuň nebitigaz pudagyndaky, himiýa senagatyndaky, şol sanda dökün önümçiligindäki öňdebaryjylygyny, şeýle hem sanly infrastruktura, bilim we saglygy goraýyş ugurlaryndaky üstünliklerini aýratyn belledi. Jenap Wilsonbabu: “Premýer-ministr Narendra Modiniň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygy bilen Hindistan bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy ýakyn wagtda has-da belent derejelere ýetjekdigine ynanýaryn” - diýip aýtdy.
Resmi bölümden soň myhmanlara baý medeni maksatnama garaşýardy. Agşam Hindistanyň medeniýetiniň türkmen jemgyýetine näderejede ýakyndygynyň aýdyň nyşany boldy.
Köp zenan myhmanlar hindi lybaslarynda gelipdi, çagyrylanlaryň arasynda bolsa hindi dili okadylýan türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bardy. Ilçi ýoganyň, Aýurwedanyň, Bolliwudyň tanslarynyň we filmleriniň Türkmenistanda giňden meşhurdygyny kanagatlanma bilen belledi.
“Ýyldyz” myhmanhanasynyň banket zaly belli bir wagt üçin hakykatdan hem kiçi “Bolliwuda” öwrüldi: gyzgyn hindi tanslary bilen utgaşyp, meşhur hindi filmlerinden aýdylan aýdymy ýerine ýetiren türkmen aýdymçysynyň çykyşlary baýramçylyk agşamyna aýratyn öwüşgin çaýdy.
Agşam hind tagamlaryndan taýýarlanan baý lezzetli naharlar bilen tamamlandy. Diwali baýramçylygynda dürli-dürli tagamlar we baý saçak rysgal-bereketi alamatlandyrýar, bu hem “Ýagtylygyň baýramynyň” ruhuna doly laýyk gelýär.
Bu çäre diňe ykdysady hyzmatdaşlygyň däl-de, eýsem Hindistan bilen Türkmenistanyň müňýyllyklara uzap gidýän medeni gatnaşyklarynyň bardygyny görkezdi. Diwali ýaly baýramçylyk çäreleri bolsa halklaryň biri-birini has gowy tanamagyna, ynanyşmagyna we dostluga esaslanýan hakyky medeni we ruhy köpri bolup hyzmat edýär.
Enejan KEPBANOWA