«Türkmentelekom» kompaniýasy TELECOMWIFI simsiz internet ulgamyny giňeldýär. Häzirki wagtda ýokary tizlikli internet elýeterlilik nokatlary Türkmenistanyň ähli köpçülikleýin ýerlerinde, şol sanda howa menzillerinde, demir ýol menzillerinde we dynç alyş seýilgählerinde ýerleşdirildi.
Paýtagtymyzdaky ulanyjylar dürli isleglere uýgunlaşdyrylan çeýe nyrh meýilnamalaryndan peýdalanyp bilerler. Şeýle hem «Arçman», «Baýramaly», «Mollagara», «Farap», «Daşoguz» we «Bagabat» şypahanalarynda dynç alýanlar üçin amatly birikdiriş şertleri hereket edýär.
Ýerleşýän nokatlaryň sanawy we nyrh meýilnamalary bilen telecom.tm/ru/wifi web sahypasynda tanşyp bolýar. Müşderilere maslahat bermek hyzmaty 071 gysga tehniki goldaw belgisi arkaly amala aşyrylýar.
