Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň geçirilmeginiň çäklerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Resul Amangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky döredijilik wekiliýeti Moskwada birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu çäreleriň hatarynda Nury Halmämedow adyndaky «Dutaryň owazy» halkara sungat festiwalynyň ýyllyyyna bagyşlanan duşuşyklar hem boldy.

Saparyň ilkinji nokady Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň muzeý-sergi toplumy (Zurab Sereteliniň Sungat galereýasy) boldy. Hut şu abraýly meýdança 2015-nji ýylyň 5-nji iýunynda ilkinji gezek Russiýanyň paýtagtynda geçirilen meşhur medeni forumyň esasy merkezleriniň biri bolup hyzmat edip gelýär.

«Dutaryň owazy» gaznasynyň çakylygy boýunça türkmen sungat işgärleri we saz öwrenijileri Dmitriý Bertmanyň ýolbaşçylygyndaky meşhur «Gelikon-opera» Moskwanyň sazly teatryna hem baryp gördüler. Aşgabatly myhmanlar italiýaly kompozitor Jan Karlo Menottiniň «Medium» operasynyň döwrebap sahna goýluşy bilen tanyşdylar. Tomaşadan soň döredijilik duşuşygy geçirilip, Türkmenistanyň we Russiýanyň opera ýerine ýetirijileri hem-de sungat ussatlary özara tejribe alyşdylar, häzirki zaman sahna sungatynyň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de geljekki bilelikdäki akademiki taslamalaryň mümkinçiliklerine garadylar.

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň üç günlük maksatnamasynyň jemleýji çäresi hökmünde 6-njy iýunda uly gala-konsert geçiriler. Moskwanyň meşhur sungat we teatr merkezlerinde geçirilen bu duşuşyklar türkmen nusgawy saz sungatynyň mirasynyň halkara ynsanperwer dialogyň täsirli guraly hökmünde häzirem öz ähmiýetini saklaýandygyny we uly gyzyklanma döredýändigini ýene bir gezek görkezdi.



