Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim ulgamy boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi

20.12.2024|12:35|
1455
turkmenistanyn-prezidentinin-malayziya-resmi-saparynyn-caklerinde-bilim-ulgamy-boyunca-resminamalaryn-toplumyna-gol-cekildi
Surat çeşmesi: education.gov.tm

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim ulgamy boýunça resminamalaryň toplumyna gol çekildi.

Şolaryň hatarynda - Türkmen döwlet binagärlik­-gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Malaýziýanyň Tenaga uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet binagärlik-­gurluşyk instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Inžener-­tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Malaýziýanyň Sanweý uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Malaýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Bu Ähtnamalar ylym-bilimi global düşünişmek ýoly bilen ösdürmek boýunça edilýän tagallalaryň bir bölegidir.

ORIENT news