Halkara nebit we gaz uniwersitetinde rumyn wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
02.04.2025 | 17:55 |31-nji martda Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary Pawel-Kasian Nituleskunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada TBM habar berýär.
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory ýokary okuw mekdebiniň gurluşy, fakultetleri we kafedralary, alnyp barylýan okuw taýýarlyk ugurlary, ylmy-barlag we taslama işleri, ýetilen sepgitler, şeýle hem daşary ýurtlaryň ugurdaş ýokary okuw mekdepleri esasan hem, Rumyniýanyň Ploýeşti nebitgaz uniwersiteti hem-de kompaniýalary bilen ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada myhmanlary tanyşdyrdy we bular barada gysgaça wideorolok görkezildi.
Rumyn wekilýetiniň ýolbaşçysy Pawel-Kasian Nituleskua wekilýetiň agzalary bilen tanyşdyryp, Türkmenistana iş saparynyň maksatlary barada maglumat berdi hem-de Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleriniň, şeýle hem kompaniýalarynyň ugurdaş ugurlarda bilelikde iş alyp barmaklyga isleg bildirýändikleri barada gürrüň berdi.
Şeýle-de Rumyniýanyň “CHIMCOMPLEХ” kompaniýasynyň wekili bilen Türkmenistanda himiýa we gazhimiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurlar boýunça önümçilik bilen bagly teklipler taýýarlanyldy.
Duşuşykdan soňra Rumyniýanyň wekilýeti uniwersitetiň tejribehanalary, ylmy-barlag we okuw merkezleri, geologiýa muzeýi bilen tanyşdyryldy.
1-nji aprelde uniwersitetiň rektory Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynda Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň Döwlet sekretary Pawel-Kasian Nituleskunyň ýolbaşçylygynda geçirilen türkmen-rumyn iş toparynyň sekizinji mejlisine hem gatnaşdy.
ORIENT