16-njy aprelda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda Din Sýuesýan HHR-de Türkmenistan bilen ýola goýlan strategik hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Başlyk Si Szinpiniň hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi diýip, TDH habar berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hem HHR-iň Başlygyna mähirli salamyny beýan etdi we Türkmenistanda Hytaýyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryna berýän uly ünsüne ýokary baha berilýändigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, ynanyşmak, hormat goýmak, milli bähbitleri hasaba almak ýörelgeleri köp ýyllaryň dowamynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň binýady bolup durýar. Bu berk binýat strategik hyzmatdaşlygyň derejesini pugtalandyryp, iri möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komiteti we onuň kiçi komitetleri möhüm orny eýeleýär.
Nygtalyşy ýaly döwletara gatnaşyklaryň giň ugurlaryny, şol sanda ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryny öz içine alýar. Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyny belläp geçmegi bu pudagyň strategik ähmiýetini tassyklaýar.
— Biz Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berýäris. Bu ugurdaky üstünlikler ýokary derejede syýasy dialogyň işjeň alnyp barylmagy bilen baglydyr — diýip, döwlet Baştutany belledi we geçen ýyl Hytaý Halk Respublikasyna bolan saparyny, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýakynda bu ýurda amala aşyran dostluk saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigini bellediler. Ählumumy parahatçylygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlara özara goldaw berilmegi munuň aýdyň mysalydyr.
Şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň sebit hyzmatdaşlygyny berkitmekde binýat bolup çykyş edýändigi aýdyldy.
Döwlet Baştutany Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady.
