Iň täze habarlar

Ýylyň başyndan bäri Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa geçirilýän ýük akymy artdy

26.04.2025 | 21:45 |
 Ýylyň başyndan bäri Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hytaýdan Ýewropa geçirilýän ýük akymy artdy

2025-nji ýylyň başyndan bäri Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň Horgos demir ýol gözegçilik-geçiriş nokady (GGN) arkaly Hytaý–Ýewropa (Hytaý–Merkezi Aziýa) halkara demir ýol ýük gatnawlarynyň ugurlary boýunça jemi 3000 ýük otlusy geçdi. Bu barada «Sinhua» habar agentligi GGN-nyň administrasiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berdi.

Çap edilen maglumata görä, görkezilen döwürde Horgos bekedi arkaly geçen «Hytaý-Ýewropa» (Hytaý-Merkezi Aziýa) ugurlaryndaky ýük otlylarynyň sany geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 28,7% artdy. Ortaça her günde 23-den gowrak ýük otlusy «Hytaý–Ýewropa» (Hytaý–Merkezi Aziýa) ugurlary boýunça Hytaý bilen Gazagystanyň arasyndaky serhetde ýerleşýän bu gözegçilik-geçelge bekedinden geçýär.

«Sinhua» agentligi häzirki wagtda Horgos arkaly 18 döwleti birleşdirýän halkara demir ýol ýük gatnawlarynyň 87 ugrunyň hereket edýändigini hem belleýär.

Foto: cgtn.com

Şeýle hem okaň: