Iň täze habarlar

Prezident Serdar Berdimuhamedow RF-iň wise-premýeri Marat Husnullin bilen duşuşdy

14.10.2025 | 01:50 |
 Prezident Serdar Berdimuhamedow RF-iň wise-premýeri Marat Husnullin bilen duşuşdy

13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Marat Husnullini kabul etdi.

RF-iň wise-premýeriniň sapary yzygiderli hökümetara dialogy dowam etdirmäge gönükdirilendir, onuň esasy wakasy bolsa Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň nobatdaky mejlisi boldy.

Duşuşygyň başynda Marat Husnullin RF-iň Prezidenti Wladimir Putiniň we RF-iň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna iberen mähirli salamyny ýetirdi, şeýle-de Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň, türkmen halkynyň baý taryhynyň, medeniýetiniň özünde uly täsir galdyrandygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bellenilişi ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Döwlet Baştutany gepleşikleriň we Hökümetara toparyň mejlisiniň netijeleriniň özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Bellenilişi ýaly, dostluk, ynanyşmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy bellenildi: köp ýyllaryň dowamynda Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň esasy söwda hyzmatdaşlarynyň biri bolup gelýär.

Taraplar BMG-niň we GDA-nyň çäklerindäki netijeli özara hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler, şunda “Merkezi Aziýa — Russiýa” formatyndaky konstruktiw hyzmatdaşlygyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

medeni-ynsanperwer ugry hem ünsden düşürilmedi: halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmek üçin möhüm esas bolup durýan ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlaryna aýratyn ähmiýet berilýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar däp bolan dostlukly döwletara dialogy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny tassykdylar.

ORIENT

Foto: Донат Сорокин/ТАСС

Şeýle hem okaň: