Türkmenistanyň Prezidenti Amur oblastynda bolup geçen uçar heläkçiligi zerarly Russiýa gynanç bildirdi
25.07.2025 | 05:35 |Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Angara” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi. Türkmenistanyň Baştutany Amur oblastynda bolup geçen uçar heläkçiliginde adamlaryň pida bolmagy zerarly çyn ýürekden duýgudaşlyk bildirdi.
Prezident Berdimuhamedow şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.
24-nji iýulda Russiýada raýat uçary heläkçilige uçrady. Amur oblastynyň Tinda şäherinden 15 km uzaklykda dagyň üstünde heläkçilige uçran An-24 uçarynyň galyndylary tapyldy. Uçarda bar bolan 49 adamyň hemmesi pida boldy.
ORIENT