Hytaýda hepdäniň esasy wakalary: diplomatik üstünliklerden tehnologiýa öňegidişliklerine çenli
19.07.2025 | 11:07 |Şu hepde Hytaý halkara diplomatiýa, ykdysadyýet, medeniýet we ýokary tehnologiýa ulgamlaryna degişli möhüm wakalaryň netijesinde üns merkezinde boldy. Hepdäniň gün tertibini kesgitlän bäş esasy tema.
Hytaý bilen Awstraliýanyň gatnaşyklarynyň täzelenmegi
15-nji iýulda Pekinde HHR-iň Başlygy Siz Szinpiniň Hytaýa alty günlük saparyny amala aşyrýan Awstraliýanyň premýer-ministri Entoni Albaneze bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar Erkin söwda baradaky Ylalaşygy durmuşa geçirmek we täzeden seretmek boýunça Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekdiler. Ozal, 11-nji iýulda Şanhaýda işewür bileleşigi bilen duşuşygynyň dowamynda Albanezeniň belleýşi ýaly, Hytaý bilen söwda gatnaşyklary iş orunlarynyň döremegine hem-de Awstraliýanyň ykdysady ösüşine ýardam edýär.
ŞHG sammitine taýýarlyk: Pekinde ýokary derejeli duşuşyklar
15-nji iýulda Si Szinpin Hytaýa Daşary işler ministrler Geňeşiniň mejlisine gelen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-ýurtlarynyň DIM-leriniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdi. Şeýle hem Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen aýratyn duşuşyk geçirildi. Onuň barşynda hytaý-rus hyzmatdaşlygynyň durnuklylygy we strategiki ugurdaşlygy tassyklanyldy. HHR-iň DIM-iň başlygy Wan I ŞHG sammiti Týanszinde 31-nji awgust – 1-nji sentýabr aralygynda geçirilip, Guramanyň taryhynda iň uly sammit boljakdygy barada aýtdy.
Hytaýyň ykdysadyýeti çaklamalardan öňe geçýär: birinji ýarymýyllykda JIÖ-niň ösüşi 5,3 % barabar boldy
HHR-iň Milli statistika edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2025-nji ýylyň birinji ýarymýyllygynda Hytaýyň ykdysadyýeti geçen ýylyň şol bir döwri bilen deňeşdirilende, 5,3 % ýokarlandy – derňewçileriň çaklamalardan hem ýokary boldy. Daşarky söwda hem durnuklylygy görkezýär: importyň we eskportyň umumy möçberi 21,79 trln ýuana ($3,04 trln) deň bolup, 2,9 % ýokarlandy. Bu görkezijiler ýurduň höweslendiriji syýasatynyň netijeliligini tassyklaýar.
Nvidia kompaniýasynyň başlygy Hytaýyň AI ulgamyndaky gazananlaryna ýokary baha berdi
Nvidia kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huang 2025-nji ýylda Hytaýa amala aşyran üçünji saparynyň dowamynda ýurduň emeli aň ulgamy boýunça dünýäniň ähli işläp taýýarlaýjylaryň ýarysy üçin Watany hasaplanylýandygyny aýtdy. CNN beren interwýusynda ol hytaý bazarynyň çäklendirmelere garamazdan, amerikan kompaniýalary üçin möhüm bolup galýandygyny belledi. 14-nji iýulda kompaniýa ABŞ-nyň häkimiýetinden zerur bolan rugsatnamalaryň alynmagyndan soňra, Hytaýa H20 çipleriniň üpjün edilmegini täzeden dikeldendigi barada habar berdi.
Si Sýa imperator mazarlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
12-nji iýulda Parižde geçirilen Bütindünýä mirasy baradaky Komitetiniň 47-nji sessiýasynda Si Sýa imperatorlarynyň mazary resmi ýagdaýda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Günbatar Sýa (1038-1227 ýý.) döwrüniň ýadygärligi Beýik ýüpek ýolundaky medeni hyzmatdaşlygyň ajaýyp nusgasy bolup, sebitiň siwilizasiýalaryň çatrygyndaky taryhy wajyplygyny subut edýär.
ORIENT