Kosta-Rikada dünýäniň ilkinji «altyn» akulasy tutuldy
23.08.2025 | 13:08 |Kosta-Rikanyň Tortugero milli seýilgähiniň kenarlarynda balykçylar tötänleýin iki metr uzynlygyndaky mutrly akula-nýankany (Ginglymostoma cirratum) tutdylar. Olaryň aýratynlygy — adaty ýagdaýda çal-goňur reňkde bolýan bu görnüşiň akulasy intensiw sary-mämişi reňk bilen tapawutlandy.
Soňra biologlar akulany öwrenip, onuň reňkiniň ksantizm sebäpli dörändigini aýtdylar. Ksantizm — daşky örtüklerde pigmentasiýanyň bozulmagy netijesinde sary ýa-da mämişi reňke geçişdir. Ýöne ksantizm akula-nýankalarda ozal hiç haçan gabat gelen däldi.
Bu açyş şeýle adaty bolmadyk hadysalaryň sebäbi baradaky soraglary döretdi. Pigmentasiýa pigment öndürýän öýjükleri täsir edýän tötänleýin genetiki mutasiýanyň netijesimi ýa-da örän seýrek ýagdaýlarda ýüze çykýan resessiw alamat arkaly geçýärmi?
Aýratyn pigmentlere baý aw bilen iýmitlenmek, käbir guşlarda bolşy ýaly, bu ýagdaýda-da täsir edip bilermi? Ýa-da daşky gurşawyň stres faktorlary, hapalaýjy maddalar we suwuň himiki düzümindäki üýtgeşmeler akulalarda pigmentiň emele gelmegine täsir edip, käbir beýleki deňiz görnüşlerinde (mysal üçin, korallarda) bolşy ýaly täsir görkezýärmi? Bu soraglaryň ählisine jogaplary alymlar entek tapmaly.