Iň täze habarlar

Stambul – Aleppo – Stambul ugry boýunça howa gatnawlarynyň sany artdyryldy

02.09.2025 | 19:32 |
 Stambul – Aleppo – Stambul ugry boýunça howa gatnawlarynyň sany artdyryldy

2025-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap Stambul – Aleppo – Stambul ugry boýunça howa gatnawlarynyň sany hepdede 5-den 7-ä ýetirildi. Bu barada “Turkish Airlines” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky edarasynda habar berildi.

Bu ugur boýunça yzygiderli gatnawlar 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan täzeden ýola goýuldy. Indi uçuşlar her gün ýerine ýetirilýär: Stambuldan uçuş ir sagat 08:10-da bolup, Aleppo şäherine 10:10-da baryp ýetýär. Yzyna uçuş Aleppodan 12:10-da bolup, Stambula 14:15-de gonýar.

Türk howa ýollarynyň biletlerini «Türk howa ýollary» satuw edaralarynda satyn alyp bilersiňiz. Salgysy: G. Kuliýew köçesi, 39-njy jaý, “Ussat” binasy.

Elektron poçta: askabatbiletsatis@thy.com

Awiakompaniýanyň resmi sahypasy: https://www.turkishairlines.com/

Öň habar berşimiz ýaly: Turkish Airlines Stambul – Sewilýa ugry boýunça göni uçar gatnawlaryny açýar

Foto: turkishairlines.com

Şeýle hem okaň: