Iň täze habarlar

Türkmen-hytaý gatnaşyklaryna täzeçe garaýyş: Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-de makalasy çap edildi

01.09.2025 | 02:05 |
 Türkmen-hytaý gatnaşyklaryna täzeçe garaýyş: Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-de makalasy çap edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň makalasynyň Hytaýyň öňdebaryjy “Ženmin Žibao” gazetinde neşir edilmegi iki ýurduň diplomatik we maglumat gatnaşyklarynda möhüm waka öwrüldi. Döwlet Baştutany makalasynda söwda we energetikadan başlap, ynsanperwer we medeni gatnaşyklara çenli ileri tutulýan ugurlara ünsi jemläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň toplumlaýyn seljermesini hödürledi. Bu ädim Aşgabat bilen Pekiniň arasyndaky ynamyň we birek-birege hormat goýmagyňyň ýokary derejesini görkezýär.

Taryhy kökler we strategiki hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, ýurtlaryň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ösüşi köpasyrlyk umumy mirasdan aýratynlykda garamak bolmaz. Türkmen we hytaý halklaryny birleşdiren Beýik Ýüpek ýoly häzirki köptaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň berk binýady boldy. Döwlet Baştutanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” başlangyjy Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” konsepsiýasynyň çuňňur filosofik taýdan we iş ýüzünde meňzeşlige eýedir.

Türkmenistan bilen Hytaýyň syýasy ugurdaky hyzmatdaşlyk ynanyşmagyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Serdar Berdimuhamedow ählumumy dünýä gurluşynyň düýpli meseleleri boýunça iki ýurduň çemeleşmeleri we garaýyşlary ýakyn ýa-da meňzeşdir diýip belledi.

“Biziň döwletlerimiz deňhukuklylyga, özara hormata, adalatlylyga, köptaraplaýyn bähbitleri ykrar etmäge esaslanýan dünýä gurluşynyň durnukly we howpsuz berk ulgamyny döretmek ugrunda aýgytly hem-de üýtgewsiz çykyş edýärler” – diýip, makalada aýdylýar.

Prezident şeýle hem, Türkmenistanyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny goldaýandygy üçin Hytaý Halk Respublikasyna minnetdarlyk bildirdi hem-de Aşgabadyň öz gezeginde Pekin üçin wajyp meselelerde, şol sanda HHR-iň birligine, çäkleriniň bitewüligi bilen baglanyşykly meselelerde hemişe dogruçyl, aç-açan we düýpli garaýyşlaryny beýan edýändigini nygtady.

Energetika we ulag: hyzmatdaşlygyň binýady

Makalada esasanam, ykdysadyýetdäki strategiki, ilkinji nobatda energetika we ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär.

“Biziň bu ugurda ägirt uly mümkinçiliklerimiziň bardygyna ynanýaryn. Olary peýdalanmak eýýäm örän gowy netijeleri berýär, tutuş yklymyň geoykdysady ýagdaýyna düýpli we oňyn täsir edýär”– diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi. Olaryň arasynda bilelikde gazanan has uly üstünliklerimiziň hatarynda 2009-njy ýylda işe girizilen, “Türkmenistan — Hytaý” gaz geçirijisi bellenildi.

“Bu özboluşly inženerçilik desgasy iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erk-isleginiň, batyrgaý hereketleriniň netijesidir, ikitaraplaýyn mümkinçilikleriň we şertleriň beýanydyr” – diýip, döwlet Baştutany ýazdy.

Prezidentiň belleýşi ýaly, bu taslama diňe bir gaz üpjünçiligini üpjün etmän, eýsem yklymda adalatly we durnukly energiýa howpsuzlygy ulgamynyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşi esasy ugurlaryň biri hökmünde hem bellenildi. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaýyň Gündogar-Günbatar ugry boýunça ulag we logistik geçelgeleriň toplumyny döretmekde möhüm orny eýeleýändigini belledi.

“Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaýyň tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygy zerurdyr. Biziň ýurdumyzda ykdysadyýetiň, durmuş ulgamynyň, şäher gurluşygynyň, önümçilik pudaklarynyň ösüşi tapgyrlaýyn esasda innowasion ugra geçirilýär. Şoňa görä-de, biz özara bähbit we uzak möhletli esasda bu işlere gatnaşmak teklibi bilen hytaý tarapyna ýüzlenýäris”.

Ynsanperwer gatnaşyklar: halklaryň derejesinde ýakynlaşma

Makalada bellenişi ýaly hyzmatdaşlygyň ägirt uly gatlagy – bu ynsanperwer ulgamdyr. Prezident iki halkyň medeniýetine we taryhyna, esasanam ýaşlaryň arasynda özara gyzyklanmanyň ösýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdi.

“Hytaý Halk Respublikasynda okaýan türkmen ýigitleri we gyzlary beýik hytaý medeniýetini özleşdirýärler hem-de, öz gezeginde, hytaý topragynda türkmen medeniýetini ýaýradyjylar bolup durýarlar” – diýip, döwlet Baştutany ýazdy.

Prezidentiň bellemegine görä, iki ýurduň tagallalary netijesinde häzirki wagtda gymmatlyklardyr dünýägaraýyşlar ýakynlaşma ulgamy döredilýär hem-de dünýä barada sagdyn, oňyn garaýşyň berk binýady döredilýär.

Makalanyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Hytaýyň hakyky dostlar, ygtybarly hyzmatdaşlar hem-de pikirdeşler bolup, öňde duran ähli wezipeleri bilelikde ýerine ýetirjekdigimize berk ynam bildirdi.

Makala dolylygyna TDH-niň web sahypasynda çap edildi.

ORIENT

Foto: tdh.gov.tm

Şeýle hem okaň: