Türkmenistanda Küşt Federasiýasynyň Kubogy geçiriler
02.10.2025 | 11:00 |2025-nji ýylyň 19–27-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanda ýurduň iň iri küşt ýaryşlarynyň biri — Türkmenistanyň Küşt Federasiýasynyň Kubogy geçiriler.
Ýaryşa ýylda geçirilýän esasy bäsleşikde öz güýjüni synap görmek isleýän Federasiýanyň ähli agzalary gatnaşyp biler. Turnir reýtingi ýokarlandyrmaga, gymmatly tejribe toplamaga, şeýle hem baýraklar we ykrar edilmek ugrunda bäsleşmäge mümkinçilik döreder.
Ýaryşa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Küşt Federasiýasynyň agzasy bolmaly we aşakdaky baglanyşyk arkaly hasaba alynmaly: bit.ly/KubokTKF2025.
Ýaryşyň guramaçysy Türkmenistanyň Küşt Federasiýasydyr. Goşmaça maglumat üçin +99361320322 telefon belgisi ýa-da tkmchess@gmail.com elektron salgysy arkaly ýüz tutup bolar.