Dünýäniň iň gadymy şäherlerinden biri Türkiýäniň syýahatçylyk merkezine öwrüldi
15.10.2025 | 10:20 |Dünýäniň iň gadymy on şäheriniň biri bolan Gaziantep, dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmegini dowam etdirýär. UNESCO-nyň “Döredijilik şäherleri ulgamy”nyň “gastronomiýa” kategoriýasyna girýän bu şäher, güýz paslynda ýene müňlerçe syýahatçynyň üns merkezine öwrülýär.
Taryhy ýadygärlikleri, hünärmentçilik bazarlary we üýtgeşik naharlary bilen meşhur bolan Gaziantep her ýyl millionlarça syýahatçyny kabul edýär. Iň köp barylýan ýerleriň arasynda — Gaziantep galasy, taryhy kerwensaraýlar toplumy ýerleşýän etrap, Bakyrjylar çarşysy we Almajy bazary bar.
Myhmanlar şäheriň her köçesinde we binasynda taryh bilen döwrebaplygyň utgaşýandygyny belläp, bu gadymy şäheriň özboluşly gurşawyny nygtaýarlar. Iň meşhur gezelenç ýerleriň arasynda — Zeugma mozaika muzeýi, gadymy Zeugma şäheri, Kurtuluş metjidi we Zinjirli Bedesten bar.
Türkiýäniň dürli sebitlerinden hem-de daşary ýurtlardan gelen syýahatçylar şäheriň adaty naharlaryna aýratyn gyzyklanma bildirýärler — antep pissesi, pahlawa, katmer we beýran olaryň arasynda iň meşhurlarydyr.
Ýerli söwdagärleriň aýtmagyna görä, myhmanlaryň köp gelmegi şäheriň ykdysadyýetine oňyn täsir edip, el hünär önümlerine bolan islegi ýokarlandyrdy, aýratyn-da gadymy hünärmentçilik ýerlerinde işjeňlik artdy.
Taryhy mirasy, tagam taýdan baýlygy we ilatynyň myhmansöýerligi bilen tanalýan Gaziantep, ýylyň dowamynda hem Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezleriniň biri bolup galýar.