Awtoyoly Group, 18 kompaniýany birleşdirýän we takmynan 7 000 işgäri bolan holding, oba hojalygy ugruna degişli golçur kompaniýa işgär alýandygyny yglan etdi. Baş edarasy Aşgabatda ýerleşýän holding halkara işjeňligini giňeldýär hem-de eksport we import menejerini gözleýär.
Kompaniýanyň belläp geçişi ýaly, dalaşgärleriň güýçli dil ukyplaryna eýe bolmagyny, halkara söwda ugurlaryna gyzyklanma bildirmegini we holdingiň içinde professional taýdan ösüş gazanmaga taýýardygyny nazara alýarlar.
Esasy borçlaryň arasynda daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen dilden we ýazmaça gepleşikleri geçirmek, söwda tekliplerini taýýarlamak we seljermek, hyzmatdaşlyk şertlerini ylalaşdyrmak, eksport-import amallary üçin resminamalary taýýarlamak, üpjün edijiler we satyn alyjyar tarapyndan hödürlenen teklipleri deňeşdirmek, şeýle hem töwekgelçilik, bahalar we logistika bilen baglanyşykly seljermeler geçirmek bar. Şeýle-de, hünärmen halkara şertnamalaryň düzülmegine gatnaşar.
Dalaşgärler iň azyndan iňlis, türk we rus dillerini erkin bilmeli; pars dilini bilmek artykmaçlyk hasaplanylýar. Daşary ýurt kompaniýalary bilen iş tejribesi we halkara şertnama gurluşyna düşünmek, şeýle-de eksport-import resminamalary barada başlangyç bilimler göz öňünde tutulýar. Boş iş orny erkek adamlar üçin açykdyr.
Iş şertleri: holdingiň ofisinde (G.Kuliýew köçesi) işlemek, günortanlyk nahary bilen üpjün etmek, duşenbe–şenbe aralygynda 09:00–18:00 iş tertibi. Aýlyk aýratynlykda ara alnyp maslahatlaşýar.
Kompaniýanyň belleýşi ýaly, bu wezipe halkara ugurlarda ösüş gazanmaga, hakyky gepleşiklere gatnaşmaga, güýçli toparyň goldawyna eýe bolmaga we iş ýörelgesinde ösüş mümkinçiliklerine ýol açýar.
Boş iş orny üçin ýüz tutmak üçin anketa doldurmak: https://forms.gle/BqsubKaLxEVJMceS7
ORIENT
