Türkmenistanyň e.gov.tm Bitewi döwlet hyzmatlary portaly arkaly «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik bankynyň kartlaryny resmileşdirmek üçin onlaýn arza tabşyrmak ulgamy elýeterlidir.
Bu hyzmat bankyň müşderileri we ýurdumyzyň raýatlary üçin niýetlenip, bank kartyny ilkinji gezek resmileşdirmek, şeýle hem ony gaýtadan çykarmak (çap etdirmek) üçin uzak aralykdan arza bermäge mümkinçilik berýär. Arzalaryň elektron görnüşde tabşyrylmagy işi ýeňilleşdirýär we bank hyzmatlaryny almak üçin sarp edilýän wagty azaldýar.
Bu hyzmatdan peýdalanmak döwlet we maliýe ulgamlarynyň sanly ösüşine gönükdirilen syýasata laýyk gelýär hem-de ilatyň bank hyzmatlaryna elýeterliligini we hyzmatlaryň amatlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Hyzmat aşakdaky salgyda elýeterlidir:
https://e.gov.tm/services/onlayn-hyzmatlar/maliye-ulgamy/turkmenistan-bank-kart
