2026-njy ýylyň 8–10-njy apreli aralygynda Stambulyň Sergiler Merkezinde dünýäniň iň iri senagat çäreleriniň biri hasaplanýan we halkara sergiler senenamasyndaky öňdebaryjy orunlaryny saklap gelýän 18-nji Halkara Gün Energetikasy we Energiýa Saklaýyş Tehnologiýalary Sergisi — Solarex Istanbul geçiriler. Giňişleýin maglumat resmi web sahypada ýerleşdirilendir: solarexistanbul.com.
Forum dünýäniň bäş yklymyndaky 125-den gowrak ýurduň maýadarlaryny özünde jemläp, gün energetikasy ugry boýunça öňdebaryjy çözgütleriň görkezilýän sebitdäki iň iri platformasy hökmünde öz abraýyny tassyklar. Çärä innowasion işläp taýýarlamalary we geljekki tehnologiýalary hödürleýän dünýäniň öňdebaryjy brendleri hem adaty görnüşde gatnaşarlar.
Serginiň çäginde pudaklaýyn maslahatlar guralar, bu ýerde öňdebaryjy bilermenler, assosiasiýalaryň hem-de degişli guramalaryň wekilleri gün energetikasynyň ösüşindäki esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşarlar, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmegiň hem-de durnukly çözgütleriň ähmiýetini belläp geçerler.
Solarex Istanbul her ýyl dünýäniň 200-den gowrak öňdebaryjy kompaniýasynyň we 500-den köp brendiniň gatnaşmagynda geçirilip, sergi meýdanlaryny giňeldip, pudagyň täze tehnologiýa mümkinçiliklerini görkezmäge şert döredýär. Sergi Ýewraziýanyň we bütin dünýäniň gün energetikasy hünärmenleriniň möhüm duşuşyk nokady hökmünde öz ornuny berkitmegi dowam etdirýär.
