Walt Disney kinokompaniýasy OpenAI bilen strategik hyzmatdaşlygyň başlanandygyny yglan etdi. Studiýa ChatGPT-niň işläp düzüjisine 1 milliard dollar maýa goýup, öz meşhur gahrymanlaryny wideo döredýän Sora emeli aň ulgamyna integrirlemekçi. Bu şertnama üç ýyllyk möhlete baglaşyldy we Disney-i OpenAI-niň ygtyýarly kontent ulgamyndaky ilkinji iň uly hyzmatdaşyna öwürýär.
Bu ylalaşygyň netijesinde Sora emeli aňy Disney, Marvel, Pixar we “Ýyldyz söweşleri” älemlerinden 200-e golaý gahrymanlara we lokasiýalara elýeterliligi alar. Ulanyjylar tekst soraglary arkaly Mikki Mausyň, Demir Adamyň ýa-da Simbanyň gatnaşmagyndaky gysga animasion wideolary döredip bilerler. Möhüm çäklendirme: şertnama diňe animasiýa we hyýaly jandarlara degişlidir, hakyky aktýorlaryň sesine we daşky keşbine degişli däldir.
Hyzmatdaşlygyň ilkinji netijeleri 2026-njy ýylyň başynda Disney+ platformasynda peýda bolar. Muşdaklar üçin bu — professional animasiýa bilen ulanyjy döredijiliginiň arasyndaky araçäkleriň bulanmagyna getirýän täze interaktiw kontentiň peýda bolmagyny aňladýar. Pudak üçin bolsa bu möhüm duýduryşdyr: öň emeli aňdan ägä bolýan Golliwudyň iri studiýalary indi tehnologiýalary önümçilige resmi taýdan ornaşdyrmaga başlaýarlar.
OpenAI-niň baş direktory Sem Altman hyzmatdaşlygyň storitelling mümkinçiliklerini giňeldip, emeli aňyň Disney-niň meşhur hekaýalary esasynda dünýä derejesindäki kontenti döretmäge ukyply boljakdygyny belledi.
ORIENT
