Ýakynda Döwlet Baştutanymyzyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Mitsubishi» kompaniýasynyň arasynda maglumatlary alyşmak we hyzmatdaşlyk arkaly Türkmenistanda emeli aňy we sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Resminamada, hyzmatdaşlyk arkaly emeli aňy we sanly tehnologiýalary ulanmak boýunça taslamalary işläp düzmek, maglumat merkezi pudagyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek beýan edilýär.
Emeli aňdan peýdalanmagyň hemmeler üçin elýeterliligini üpjün etmek we sanly tehnologiýalaryň dünýä jemgyýetçiligine anyk peýda getirmegini gazanmak sanly ykdysadyýetiň ösüş depginini çaltlandyrmaga we adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga itergi berer.
ORIENT
