«Ýyndam Tehnika Serwis» hyzmat kompaniýasy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna kompýuter we öý tehnikalaryna hyzmat etmek hem-de olary abatlamak boýunça toplumlaýyn hyzmatlary hödürleýär.
Kompaniýanyň hyzmatlarynyň sanawyna kartrijleri doldurmak we printerleri abatlamak, kompýuterleriň öňüni alyş barlaglaryny geçirmek, operasion ulgamlary we draýwerleri gurnamak, şeýle hem şahsy kompýuterleri ýygnamak we kämilleşdirmek (apgreýd) girýär. Mundan başga-da, hyzmat merkeziniň hünärmenleri ownuk öý tehnikalarynyň abatlaýyş işlerini hem ýerine ýetirýärler.
Kompaniýa hususy ulanyjylar bilen birlikde guramalar üçin hem tehniki meseleleri çalt we ýokary hilli çözmäge gönükdirilendir.
«Ýyndam Tehnika Serwis» kompaniýasynyň edara binasy «Parahat-4», 76-njy binada ýerleşýär. Goşmaça maglumatlar kompaniýanyň resmi web-saýtynda elýeterlidir: yindam.com.tm. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+99364) 64-44-49.
ORIENT
