Nemes awtoulag ägirdi Mercedes-Benz Binghatti gurluşyk kompaniýasy bilen bilelikde Mercedes-Benz Places Binghatti City atly iri möçberli ýaşaýyş emlägi taslamasyny hödürledi. Bu Meýdan etrabynda 836 müň inedördül metr meýdany eýelejek, «şäheriň içindäki şäher» görnüşindäki özboluşly taslamadyr.
Taslama söwda merkezlerinden başlap, sagaldyş edaralaryna çenli özbaşdak infrastrukturaly 13 müň öýli 12 sany beýik binany öz içine alýar. Kompozisiýanyň merkezi hökmünde beýikligi 341 metr bolan Vision Iconic diňi göz öňünde tutulýar. Nal şekilinde ýerleşdirilen beýleki binalar brendiň meşhur modelleriniň ady bilen atlandyrylar, şol sanda Vision Maybach 6 hem bolar.

Toplumyň binagärligi doly derejede Mercedes-Benz-iň dizaýn aýratynlygyny açyp görkezýär. Hromlanan elementleri bolan binalaryň öň tarapy awtoulaglaryň radiator gözeneklerini ýatladýar. Öýlerde bolsa gara-çal reňkler, tebigy agaç we deri giňden ulanylyp, ýokary derejeli rahatlyk gurşawyny döredýär.
Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, taslama brendiň 140 ýyllygyna bagyşlanandyr. Bu Mercedes-Benz-iň doly derejeli şäher gurşawyny döretmek boýunça ilkinji tejribesidir. Dubaýyň ýaşaýjylary üçin bu toplum diňe bir ýaşaýyş jaýy bolman, eýsem meşhur brendiň filosofiýasynyň binagärlik ölçegindäki beýany bolar.
ORIENT
