Hytaý 2025-nji ýylda Merkezi Aziýanyň iň uly söwda hyzmatdaşyna öwrüldi. Bu sebitara ykdysady gatnaşyklaryň täze tapgyra geçendigini aňladýandyr diýip, Hytaýyň Söwda ministrligi habar berdi.
Ministrligiň maglumatlaryna görä, Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 106 milliard 300 million ABŞ dollaryna ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 12 göterim artdy. Şeýlelikde, soňky bäş ýylyň dowamynda durnukly ösüş gazanylyp, söwda möçberi ilkinji gezek 100 milliard ABŞ dollary möçberinden geçdi.
Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksporty 11 göterim ýokarlanyp, 71 milliard 200 million ABŞ dollaryna ýetdi. Eksportyň esasy bölegini enjamlar, elektronika we ýokary tehnologiýaly önümler düzdi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hytaýa eksportynyň möçberi bolsa 14 göterim artyp, 35 milliard 100 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Hytaýa esasan himiki önümler, polat hem-de oba hojalyk harytlary eksport edildi.
Şeýle hem, halkara elektron söwdasy ösüşini ýokary depginde dowam etdirdi. Logistika ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi, halkara töleg usullarynyň ýeňilleşdirilmegi hem-de Hytaý – Merkezi Aziýa Söwdany Ösdüriş Hyzmatdaşlyk meýdançasynyň Nanszin şäherinde işe girizilmegi muňa itergi berdi.
“Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäginde alnyp barlan hyzmatdaşlyk infrastruktura we enjam öndürmek boýunça, şeýle hem daşky gurşawa zyýansyz minerallar we häzirki zaman oba hojalygy boýunça söwdalaryň artmagyna itergi berdi, Merkezi Aziýa ýurtlarynda senagat taýdan öňegidişlige ýardam berdi diýip, Hytaýyň Söwda ministrligi habar berdi.