Günde uzynlygy bir million kilometre ýetýän täze, äpet koronal deşigiň emele gelendigi hasaba alyndy. Görnüşi boýunça ol tersine öwrülen «1» sanyna meňzeýär diýip, TASS habar berýär.
Koronal deşikler Gün şemalynyň ýokary tizlikli akymlarynyň çeşmesi bolup durýar. Bu akymlar Ýere ýetende magnit hadysalaryna sebäp bolýar. Bu ýagdaý 2025-nji ýyldan bäri dowam edýär, häzirki gözegçilikler bolsa Gün işjeňliginiň artmagyny dowam etdirýändigini görkezýär. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, 2026-njy ýylda geomagnit tolgunmalarynyň sany öňküsinden hem köp bolar.
Günüň ýokarlanan işjeňligi azyndan geljek iki ýylyň dowamynda hereket eder. Bu döwürde howa şertleriniň üýtgemegine duýgur adamlar baş agyrylary, umumy ejizlik ýa-da gan basyşynyň üýtgemegi bilen has ýygy ýüzbe-ýüz bolup bilerler. Emma oňyn täsiri hem bar: ýakyn iki ýyl demirgazyk şöhlelerini synlamak üçin örän amatly döwür bolar, sebäbi olar has ýagty we aýdyň görner. Alymlar kosmos howasynyň çaklamalaryny yzygiderli yzarlamagy maslahat berýärler, sebäbi ýakyn wagtda Gün işjeňliginiň peseljekdigini görkezýän alamatlar ýok.
ORIENT
