Resmi maglumatlara görä, 2025-nji ýylda Hytaýyň oba hojalyk önümçiligi durnukly ösüşini dowam etdirdi. Däne önümçiligi täze taryhy derejä ýetip, maldarçylyk pudagynda hem önümçiligiň möçberi artdy.
Döwlet Geňeşiniň Metbugat Gullugynyň Pekinde metbugat wekilleri bilen geçiren duşuşygynda, däne önümçiligine we maldarçylyga degişli statistiki maglumatlar berildi.
“2025-nji ýylda umumy däne önümçiligi 714 million 880 müň tonna ýetip, geçen ýylkydan 8 million 380 müň tonna köp boldy ýa-da 1.2 göterim artdy. Şol sanda tomusky däne önümçiliginiň möçberi 0.1 göterim peselip, 149 million 750 müň tonna barabar boldy. Irki tüwi önümçiligi 1.2 göterim artyp, 28 million 510 müň tonna, güýzki däne önümçiligi bolsa 1.5 göterim ýokarlanyp, 536 million 620 müň tonna ýetdi” diýip, Milli Statistika Gullugynyň başlygy Kan Ýi habar berdi.
Önümleriň görnüşleri boýunça alanyňda, bugdaýyň önümçiligi 140 million 70 müň tonna bolup, geçen ýylyň derejesinde galdy. Öndürilen mekgejöweniň möçberi 301 million 240 müň tonna ýetip, 2.1 göterim artdy, tüwiniň möçberi 209 million 40 müň tonna barabar bolup, 0.7 göterim ösüş görkezdi. Soýanyň möçberi bolsa 20 million 910 müň tonna bolup, 1.3 göterim ýokarlandy.
Şeýle hem 2025-nji ýylda doňuz eti, sygyr eti, goýun eti we guş etiniň umumy önümçiligi 100 million 720 müň tonna ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 4.2 göterim artdy. Bu görkeziji ilkinji gezek 100 million tonna çäginden geçdi. Aýratynlykda seredeniňde, doňuz eti 59 million 380 müň tonna bolup, 4.1 göterim ösüş görkezdi. Sygyr eti 8 million 10 müň tonna bolup, 2.8 göterim artdy, goýun eti 4 million 960 müň tonna bolup, 4.2 göterim az boldy, guş eti bolsa 28 million 370 müň tonna bolup, 6.7 göterim artdy.
Süýt önümçiligi 40 million 910 müň tonna ýetip, 0.3 göterim ýokarlandy, ýumurtga önümçiligi bolsa 34 million 980 müň tonna bolup, 2.5 göterim azaldy. Ýylyň dowamynda 719 million 730 müň sany doňuz soýuldy, bu geçen ýylkydan 2.4 göterim köpdür. Geçen ýylyň ahyrynda hasaba alnan doňuz sany 429 million 670 müň baş bolup, 0.5 göterim artdy.