OpenAI kompaniýasy ChatGPT Health — meşhur çat-botyň içinde ýerleşýän täze ýöriteleşdirilen bölümi tanyşdyrdy. Bu hyzmat lukmançylyk temalary boýunça aragatnaşyk saklamak we ulanyjynyň özüni nähili duýýandygyny seljermek üçin ýörite döredildi.
Täze bölümiň esasy aýratynlygy — maglumatlaryň doly goraglylygydyr. Saglyk bilen baglanyşykly maglumatlar beýleki çatlaryndan aýratynlykda saklanýar, şahsy görkezijileriňiz bolsa geljekki emeli aň modellerini taýýarlamak üçin ulanylmaýar. Has takyk maslahatlary almak üçin ulanyjylar Apple Health ýaly üçünji tarap programmalaryny hyzmata birikdirip bilerler. Bu emeli aňyň siziň hakyky işjeňligiňizi we beden görkezijileriňizi hasaba almagyna mümkinçilik berer.

Taslama iki ýylyň dowamynda dünýäniň dürli künjeginden 260-dan gowrak lukmanyň gatnaşmagynda döredildi. Jogaplaryň howpsuz we takyk bolmagy üçin olar HealthBench atly ýörite kliniki ulgam arkaly barlandy. Şeýle-de bolsa, işläp düzüjiler şuny ýatladýarlar: ChatGPT Health lukmanyň ornuny tutmaýar, ol diňe kömekçidir. Saglyk bilen baglanyşykly islendik meselede hünärmen lukmanlara ýüz tutmak zerurdyr.
Häzirki wagtda hyzmat garaşylýanlar sanawyndaky ulanyjylar üçin elýeterlidir. ChatGPT-niň gapdal menýusynda «Saglyk» bölümini tapyp bolar. Ýakyn wagtda OpenAI bu hyzmaty ähli isleg bildirýänler üçin açmagy meýilleşdirýär, bu bolsa şahsy lukmançylyk maslahatlaryny millionlarça adam üçin has elýeterli eder.
ORIENT
