2025-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygy ynamly öňegidişlik görkezdi. Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberi ilkinji gezek 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Go Sziakun duşenbe güni habar berdi.
Söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 106 milliard 300 million ABŞ dollaryna ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 12 göterim artdy.
Go Sziakun dünýäniň ykdysady ösüşiniň haýallamagyna we halkara söwda ulgamyndaky kynçylyklara garamazdan, Hytaý – Merkezi Aziýa söwda hyzmatdaşlygynyň, daşarky töwekgelçilikleri üstünlikli ýeňip geçmegi başarandygyny we taryhy sepgide ýetendigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu ýagdaý hyzmatdaşlygyň durnuklydygyny we Hytaý – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň barha pugtalanvandygyny görkezýändir.
Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili, geçen ýylda taraplaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ynamly ösendigini, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň yzygiderli giňelendigini we halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň berkeýändigini aýtdy. Şeýle-de, Hytaý – Merkezi Aziýa ikinji sammitiniň, hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna ýol açandygyny belläp, Hytaýyň geljekde hem hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we innowasiýa esasly, netijelere gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.