Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Media
Anons
Tehnologiýalar
Biz barada
Habarlaşmak üçin

Türkmenistan bilen Katar atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürýärler

31.01.2026|15:35|
288
turkmenistan-bilen-katar-atcylyk-pudagynda-hyzmatdaslygy-osduryarler
Surat çeşmesi: Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy

Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde, bilim we ylym ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini halkara derejesine ýokarlandyrmak we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şu maksatlara laýyklykda, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze tapgyra çykarmak üçin taryhy ädim ädildi.

29-31-nji ýanwary aralygynda Katar döwletiniň Atçylyk federasiýasynyň çakylygy boýunça Akademiýanyň rektory we wekiliýetiniň bu ýurda amala aşyran iş saparynyň dowamynda «Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» dabaraly ýagdaýda gol çekildi.

30-njy ýanwarynda geçirilen we Katar atçylyk federasiýasynyň Prezidenti Bader Mohammed Al Darwişiň, Kataryň Emiriniň "Al Shaqab" atçylyk toplumynyň ýerine ýetiriji başlygynyň orunbasary Halid Abdullah al-Hatmiň hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Halk atşynasy Pygy Baýramdurdyýew Hojamuhammedowiçiň gatnaşmagynda bolup geçen duşuşykda gol çekilen bu resminama iki ýurduň arasyndaky ylym, bilim, innowasiýa we atçylyk sporty ugrundaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny has-da berkitdi.

Меморандума о взаимопонимании между Международной академией коневодства имени Аба Аннаева и Федерацией конного спорта Катара

Söýenç AHMEDOW, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy