Şu gün, 14-nji aprelde Aşgabadyň Türkiýe medeni merkezinde Türkiýäniň syýahatçylyk hepdeligi mynasybetli çäre geçirildi. Oňa diplomatik korpusyň, syýahatçylyk pudagynyň, medeniýet wekilleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Şeýle-de dabara Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Nadir Alpaslan hem gatnaşdy.

Çäräni açyp çykyş eden Nadir Alpaslan iki ýurduň arasynda medeni dialogyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Şeýle-de ol syýahatçylygyň halkara gatnaşyklary berkitmegiň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi ösdürmegiň möhüm guralydygyny belledi:
“Biziň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygymyz diňe resmi diplomatiýa bilen çäklenmeýär. Ol çuň taryhy we medeni ýakynlyga esaslanýar. Bilelikde biz Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlarynyň mümkinçiliklerini has-da giňden açyp, sebiti dünýäniň iň özüne çekiji syýahatçylyk ugurlarynyň birine öwrüp bileris.”
“Şu gün Türkiýe diňe deňiz, gün we kenar däl. Ol arheologiýadan we gastronomiýadan başlap, lukmançylyk hem-de dini syýahatçylyga çenli giň mümkinçilikleri hödürleýän ýurt. Biz dünýäde iň giňişleýin we durnukly syýahatçylyk modelleriniň birini ösdürýändigimize buýsanýarys,” - diýip, ol goşmaça belledi.
Alpaslan şeýle-de syýahatçylygyň ýurtlaryň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmegiň esasy gurallarynyň biridigini aýtdy.
“Her bir syýahatçylyk sapary dostlugy, özara düşünişmegi we umumy medeni giňişligi berkitmäge goşant goşýar. Sebitiň baý taryhy-medeni ugurlary biziň üçin aýratyn gymmatlydyr. Nusaý, Merw ýaly gadymy medeni merkezler Beýik Ýüpek ýolunyň janly mirasydyr,” - diýip, Nadir Alpaslan belledi.
Ol aýratynlykda syýahatçylyk alyş-çalyşlaryny giňeltmegiň we pudaga maýa goýumlary artdyrmagyň möhümdigini hem nygtady.
“Biz diňe syýahatçylaryň sanyny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem özara maýa goýumlaryny ösdürmegi, ulag elýeterliligini gowulandyrmagy we döwlet hem-de hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny berkitmegi maksat edinýäris. Bu bolsa pudagyň uzak möhletleýin ösüşine esas döredýär,” - diýip, ministriň orunbasary aýtdy.
Öz gezeginde açylyş dabarasynda çykyş eden ilçi Ahmet Demirok Türkiýäniň özboluşly geografik ýerleşişi, tebigy baýlyklary we köp asyrlyk medeni mirasy bilen dünýä syýahatçylyk kartasynda möhüm orun eýeleýändigini aýtdy.

“Syýahatçylyk — medeniýetleriň we halklaryň arasynda köpri bolup hyzmat edýär. Ol biri-birimize has gowy düşünmäge we dostlugy berkitmäge kömek edýär. Türkiýäniň türkmenistanlylar üçin iň meşhur ugurlaryň biri bolýandygyny görmek biziň üçin uly şatlykdyr,” - diýip, ilçi nygtady.
Şeýle-de ol diplomatik wekilhananyň Türkiýä syýahat etmegi meýilleşdirýän raýatlara, aýratyn-da syýahatçylyk möwsüminiň öňüsyrasynda, hemişe goldaw bermäge taýyndygyny aýtdy.

Çäräniň dowamynda myhmanlar Türkiýäniň tebigy landşaftlaryny we medeni ýadygärliklerini görkezýän fotosurat sergisi bilen tanyşdylar. Şeýle-de ýurduň taryhy we syýahatçylyk desgalaryna bagyşlanan ekspozisiýa gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi.
Mundan başga-da, myhmanlar türk milli aşhanasynyň tagamlaryny we milli süýjüliklerini dadyp gördüler. Bu bolsa maksatnamanyň iň ýatdan çykmajak we mähirli pursatlarynyň birine öwrüldi.

