2026-njy ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanda Ozon platformasy resmi taýdan işe girizildi. Ulanyjylar üçin elektronikadan başlap egin-eşiklere we öý harytlaryna çenli giň görnüşli önümler elýeterli bolup, olary ýurdumyza göni eltip bermek mümkinçiligi döredildi.
Ilkinji tapgyrda hyzmat diňe Aşgabat şäherinde işleýärdi, emma eýýäm 3-nji aprelden başlap logistika ähli welaýatlara giňeldildi. Häzirki wagtda sargytlary resmileşdirip, olary ýurdumyzyň islendik ýerindäki “Türkmenpoçta” kompaniýasynyň poçta bölümlerinden alyp bolýar.
Eltip bermek çäginiň giňeldilmegi ilatyň onlaýn söwda mümkinçiligini ep-esli artdyrdy. Sargytlaryň tölegi Türkmenistanda ygtyýarly banklar tarapyndan berlen bank kartlary arkaly amala aşyrylýar, munuň üçin internet töleg hyzmaty işjeňleşdirilen bolmaly.
Degişli karty bolmadyk ýa-da ony açmak boýunça soraglary bolan ulanyjylar üçin maslahat beriş hyzmaty hem göz öňünde tutulandyr. Munuň üçin “Türkmenpoçta” kompaniýasynyň “075” maglumat hyzmatyna ýüz tutup, elýeterli kart görnüşleri we olaryň ulanylyş düzgünleri barada giňişleýin maglumat alyp bolýar.
Şeýlelikde, Ozon hyzmaty Türkmenistanda doly derejede elýeterli bolup, ýaşaýjylara halkara assortimentden harytlary amatly sargyt etmek mümkinçiligini hödürleýär.
Öň habar berşimiz ýaly, ozon.tm sahypasynda ýurdumyzyň ýaşaýjylary eýýäm çagalar üçin harytlardan başlap öý tehnikasyna çenli dürli kategoriýalara degişli 150 milliondan gowrak harytlary tapyp bilerler.
