
Aşgabat — Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleri “Turkmen Travel 2026” halkara sergisine gatnaşyp, Türkmenistanly dalaşgärler üçin ýokary bilim we akademiki maksatnamalar mümkinçiliklerini wagyz etmek maksady bilen aýratyn pawilýon hödürlediler.

Wekiliýetiň düzümine abraýly okuw mekdepleriniň wekilleri, ýagny Swinburne University of Technology Sarawak Campus, Taylor’s University, INTI International University & Colleges, Asia Pacific University of Technology & Innovation, Sunway University hem-de Universiti Teknologi PETRONAS, şeýle-de SOPANDAI SDN. BHD. bilim kompaniýasy girdi. Sergä gelenler Malaýziýanyň uniwersitetleriniň hödürleýän bilim maksatnamalary, talyp haklary we halkara akademiki ugurlar bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Malaýziýanyň uniwersitetleri “Turkmen Travel 2026” sergisinde bilim mümkinçiliklerini tanyşdyrmak bilen çäklenmän, Aşgabatdaky “Diller Dünýäsi” dil merkezine hem baryp gördüler.
Mundan başga-da, wekiliýet Aşgabatdaky “Diller Dünýäsi” dil merkezine baryp, Bahasa Club agzalary, şeýle-de paýtagtymyzyň orta hem-de ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylary we talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Bu sapar mähirli we dostlukly ýagdaýda geçip, pikir alyşmak we tejribe paýlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döretdi.

Talyplar Malaýziýada okamak mümkinçilikleri, talyp durmuşy we halkara maksatnamalar barada işjeň soraglar berdiler. Myhmanlar bolsa häzirki zaman bilim tendensiýalary barada maglumat berip, globallaşma şertlerinde daşary ýurt dillerini bilmegiň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda Universiti Teknologi PETRONAS-yň menejeri Tajul Ariffin Bin Shamsuddin çykyş edip, myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi:
“Biz üçin Türkmenistanda bolup, şeýle maksada okgunly we zehinli ýaşlar bilen duşuşmak uly hormatdyr. ‘Turkmen Travel 2026’ sergisine gatnaşmak we ‘Diller Dünýäsi’ merkezine sapar etmek talyplar üçin täze mümkinçilikleri açýar hem-de Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda bilim hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam berýär. Dilleri öwrenmäge bolan gyzyklanma we halkara ösüşe bolan ymtylyş bizi hakykatdanam ruhlandyrýar.”

Bu sapar bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň möhümdigini görkezdi we Bahasa Club ýaly başlangyçlaryň ýaşlary birleşdirmekde hem-de olaryň akademiki mümkinçiliklerini giňeltmekdäki ornuny aýdyň görkezdi.
ORIENT