Türkmenistanda Hytaý bilen bilim hyzmatdaşlygyna bolan gyzyklanma artýar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilen Halkara hytaý dili gününe bagyşlanan çäredäki çykyşynda belläp geçdi.
Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda 9000-den gowrak Türkmenistanyň raýaty Hytaýda bilim alýar, bu bolsa ýurduň bilim ulgamyna we hytaý diline bolan uly gyzyklanmany görkezýär.
Ilçi akademiki alyş-çalyşlary giňeltmek meýilnamalary barada hem habar berdi. Hususan-da, geljek ýyl Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň talyplarynyň türkmen dilini öwrenmek üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gelmegine garaşylýar.
Diplomat şeýle maksatnamalaryň ösdürilmeginiň ýurtlaryň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge we dillere hem-de medeniýete özara gyzyklanmany artdyrmaga ýardam edýändigini nygtady.
Bilim alyş-çalyşlarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi bolar diýip garaşylýar.
