Türkmenistanly talyplar abraýly halkara meýdançada ýokary taýýarlyk derejesini görkezdi. 26–28-nji aprel aralygynda Sankt-Peterburgda geçirilen NCUMC-2026 atly 12-nji Halkara matematika bäsleşiginde türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Ýewropanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň talyplary bilen bäsleşip, ýeňijileriň hataryna girdiler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary aýratyn üstünlik gazandylar: Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň talyby Haýytmuhammedow Yslam we Nebit we gaz fakultetiniň talyby Myratgeldiýew Halmyrat kümüş medallar bilen sylaglandylar. Bu üstünlikler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna mynasyp sowgat boldy.
Maglumat tehnologiýalar, mehanika we optika Milli barlag uniwersiteti tarapyndan guralan bäsleşik Awstriýa, Beýik Britaniýa, Polşa, Germaniýa, Italiýa, Fransiýa we beýleki ýurtlardan zehinli ýaşlary jemledi. Bu bilim bäsleşiginde Türkmenistanyň wekilleri hökmünde ykdysady, oba hojalyk, energetika we inžener-tehnologiýa ýokary okuw mekdepleriniň toparlary hem gatnaşdy.
Halkara derejedäki bu üstünlikler bilim ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesidir. Sankt-Peterburgda gazanylan ýeňişler ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň mümkinçilikleriniň artýandygyny hem-de olaryň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.
ORIENT
