Türkmen oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetiniň 2-nji ýyl talyplary S. Hojaniýazowa we R. Miriýewa «Ekologiýa howpsuzlygy» atly halkara talyplar olimpiadasynda ikinji orny eýelediler. Bu intellektual bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň Ufa döwlet nebit tehniki uniwersiteti tarapyndan guraldy.
Talyp gyzlaryň gazanan üstünligi bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy H. A. Kazakowanyň ýolbaşçylygyndaky çuňňur taýýarlygyň netijesi boldy. Şeýle halkara taslamalara gatnaşmak türkmenistanly ýaş hünärmenlere bilimleriniň ýokary derejesini tassyklamaga hem-de öz okuw mekdebini dünýä bilim giňişliginde görkezmäge mümkinçilik berýär.
Bu üstünlik mynasybetli institutyň agronomçylyk fakultetinde dabaraly çäre geçirildi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýokary okuw mekdebindäki ilkinji guramasy tarapyndan talyplara ýadygärlik sowgatlar gowşurylyp, olaryň ýokary okuw mekdebini halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan goşandy bellenildi.
ORIENT
