7-nji maýda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow, gruzin tarapyna bolsa Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi. Bu babatda ulag, energetika hem-de nebitgaz ulgamlary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Gatnaşyjylar özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň, maýa goýum işjeňligini höweslendirmegiň hem-de Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewürler toparlarynyň göni gatnaşyklary üçin mümkin bolan amatly şertleri döretmegiň anyk gurallaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda ulag-logistika ulgamynyň strategik ähmiýeti barada aýratyn bellenildi. Taraplar geljegi uly bolan halkara ulag geçelgeleriniň, hususan-da, “Hazar deňzi – Gara deňiz” halkara ulag geçelgesiniň we “Lazurit geçelgesiniň” ösdürilmegine, şeýle hem iki ýurduň port düzüminiň üstaşyr kuwwatyndan netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berdiler.

Ykdysady meseleler bilen bir hatarda, mejlisiň gatnaşyjylary ynsanperwer dialogynyň hem giňeldilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Ylym, bilim, syýahatçylyk we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary berkitmegiň zerurlygy bellenilip geçildi, bu bolsa iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagyna ýardam berýär.
Mejlisiň işi tamamlanandan soň, bilelikdäki toparyň ýolbaşçylary tarapyndan Teswirnama gol çekildi. Bu resminama Aşgabatda gazanylan ylalaşyklary berkitdi hem-de Türkmenistan bilen Gruziýanyň halklarynyň bähbidine gönükdirilen geljegi uly bolan bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň anyk amaly ädimlerini kesgitledi.

Gruzin wekiliýetiniň Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde iki ýurduň degişli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň pudaklaýyn meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
